XVIII asyryň «iň gowy skripkasy» 12 million dollardan auksiona çykarylar

  • 07.02.2025 07:39
  • 3.4k+

1714-nji ýylda Antonio Stradiwari tarapyndan ýasalan we «Joachim-Ma Stradivarius» diýlip tanalýan skripka Nýu-Ýorkda auksiona çykarylar. Onuň başlangyç bahasy 12-18 million dollar aralygynda bolar diýlip çaklanylýar. Bu skripka auksionda satylan iň gymmat saz guraly bolup biler diýip, Associated Press habar berýär.

«Sotheby’s Americas» kompaniýasynyň prezidenti Mari-Klaudiýa Himenes bu skripkany XVIII asyryň «iň gowy skripkasy» hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň sözlerine görä, bu saz guraly Stradiwariniň iň kämil döwründe ýasalypdyr we häzirki wagta çenli ajaýyp ýagdaýda saklanyp galypdyr.
Bu skripka iki meşhur eýesiniň adyny göterýär: Ýozef Ioahim we Si-Hon Ma. Wengriýaly skripkaçy Ioahim ony 1879-njy ýylda öz konsertleriniň biriniň premýerasynda ulanypdyr. Şeýle hem, bu skripka kompozitor Iogannes Bramsy öz «Re major skripka we orkestr konsertini» döretmäge ruhlandyrypdyr.
Si-Hon Ma bu skripkany 1969-njy ýylda satyn alypdyr. Ol aradan çykansoň, saz guraly Täze Angliýa Konserwatoriýasyna (NEC) sowgat berlipdir.
Bu auksiondan alynjak ähli serişdeler talyplara stipendiýa hökmünde berler.
Mundan ozal, auksionda satylan iň gymmat saz guraly Stradiwariniň başga bir skripkasy bolan «Lady Blunt» bolupdy. Ol 2011-nji ýylda 15,9 million dollara satylypdy.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......