Kriştianu Ronaldu 40 ýaş toýuny belledi

  • 06.02.2025 19:13
  • 28k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 5-nji fewralda 40 ýaş toýuny belledi.

Futbolçy bu şanly gününi maşgalasynyň we ýakyn dostlarynyň arasynda belläp geçirdi.

«Doglan günüm üçin aýdan ajaýyp gutlaglaryňyz üçin hemmäňize köp sag boluň! Maşgalam we dostlarym bilen ajaýyp gün geçirdik, mundan gowusyny arzuw edip hem bolmaz» diýip, portugaliýaly futbolçy X sosial torunda surat bilen bilelikde paýlaşdy.

Gutlagda düşürilen adaty toparlaýyn suratyň deregine, Ronaldunyň tortuň şemini üfleýän wideosy internetde meşhur boldy. Dünýä futbolunyň ýyldyzy muny üýtgeşik usulda ýerine ýetirdi. Ol tortuň daşyndan tans edip, şemleri üfläp öçürdi. Bu pursat arap we latyn sazlarynyň garyşyk görnüşindäki «Happy Birthday» aýdymy bilen utgaşdy.
Futbolçyny «Al-Nasr» kluby hem aýratyn gutlady. Onuň hormatyna Er-Riýaddaky ullakan LED ekranly sferiki binada animasiýa görkezildi. Ol ýerde Ronaldu, bütin karýerasy boýunça oýnan klublarynyň eşiklerinde şekillendirildi. Wideoşekilli gutlagda onuň meşhur gol hereketi görkezildi, onuň yz ýanyndan bolsa «Biz hem seniň bilen bilelikde gutlaýarys, CR7. Doglan günüň gutly bolsun! Saud Arabystany seni söýýär» diýen ýazgy peýda boldy.
Ronaldu öz professional karýerasynda «Sporting», «Mançester Ýunaýted», «Real», «Ýuwentus» we «Al-Nasr» klublarynda çykyş etdi. Ol umumylykda 923 gol geçirdi. Şolaryň 788-sini klub derejesinde, 135-sini bolsa Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde geçirdi.
Ronaldu bäş gezek «Altyn top» baýragyny aldy we şol sanda UEFA Çempionlar ligasynyň hem bäş gezek ýeňijisi boldy. Şeýle-de, ol üç gezek Angliýanyň, iki gezek Ispaniýanyň we iki gezek Italiýanyň çempiony boldy. 2016-njy ýylda bolsa Portugaliýanyň ýygyndysyna Ýewropanyň Çempionatynda ýeňiş gazandyrdy.
Ronaldunyň «Al-Nasr» bilen şertnamasy tomusda tamamlanýar. Mediýanyň maglumatlaryna görä, hüjümçi klub bilen täze ylalaşyk boýunça gepleşikleri geçirýär. Şeýle-de bu şertnama esasynda, onuň klubdan 5%-lik paýnama almagy hem mümkin.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......