Apple Music täze ulanyjylara 2,99 dollara 6 aý abunalygy hödürleýär

  • 06.02.2025 12:41
  • 1.7k+

Apple Music aksiýany işe girizdi: indi 2,99 dollara aýdym-saz platformasyna alty aý elýeterliligi alyp bolýar. Bu teklip diňe täze ulanyjylara degişli we, ähtimal, ABŞ-nyň ýaşaýjylary bilen çäklense gerek. 

Bu bazarda şular ýaly ilkinji teklip däl. Öň, şeýle aksiýany Tidal geçirip, ujypsyz baha bilen hyzmatdan birnäçe aý peýdalanmagy teklip etdi.
Şeýlelik bilen, Apple heniz Apple Music hyzmatyny ulanyp görmedikler üçin gowy mümkinçilik hödürleýär. Ýöne aksiýanyň näçe wagt dowam etjekdigi belli däl.
Ýakynda Apple hyzmatlar biznesiniň soňky çärýekde 26,3 mlrd dollar girdeji gazanyp, rekord görkezijä ýetendigini habar berdi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 14% köpdür. Häzirki wagtda kompaniýa App Store-da beýleki programmalar bilen birlikde işjeň ýazylyşyklaryň 1 milliarddan geçendigini hasaba aldy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...