Nintendo 150 million Switch konsolyny satdy. Şu ýyl Switch 2 bazara çykar

  • 06.02.2025 11:25
  • 1.7k+

Nintendo ýapon kompaniýasy maliýe hasabatyny çap etdi. Ol Switch gibrid oýun konsollarynyň üstünligini tassyklady. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, esaslandyrylandan bäri jemi 150 milliondan gowrak enjam satyldy.

Soňky çärýekde Switch konsollarynyň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 4,82 milliona çenli azalyp, 30% peseldi. Şeýle-de bolsa, Nintendo indiki çärýekde 1,46 million enjamyň satyljakdygyny çaklaýar.
Kompaniýa şu ýyl Switch 2-ni bazara çykarmaga taýýarlanýar.
Nintendo Switch-de iň köp satylan 10 oýun:

  1. Mario Kart 8 Deluxe – 67,35 million;
  2. Animal Crossing: New Horizons – 47,44 million;
  3. Super Smash Bros. Ultimate – 35,88 million;
  4. The Legend of Zelda: Breath of the Wild – 32,62 million;
  5. Super Mario Odyssey – 29,04 million;
  6. Pokemon Sword / Pokemon Shield – 26,60 million;
  7. Pokemon Scarlet / Pokemon Violet – 26,38 million;
  8. The Legend of Zelda: Tears of the Kingdom – 21,55 million;
  9. Super Mario Party – 21,10 million;
  10. New Super Mario Bros. U Deluxe – 18,06 million.

Switch konsollarynda jemi 1,359 milliarddan gowrak oýun satyldy, bu bolsa platformanyň güýçli goldawa eýedigini görkezýär.

şu gün 11:22
1.1k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
781

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......