Spotify ilkinji gezek ýyly girdeji bilen tamamlaýar. Girdeji 1,14 milliard ýewro boldy

  • 06.02.2025 09:48
  • 1k+

2024-nji ýylda Spotify akym hyzmaty platformanyň taryhynda ilkinji gezek ýyllyk girdeji gazandy. 4-nji fewralda çap edilen hasabata görä, arassa girdejisi takmynan 1,14 milliard ýewro boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

Hyzmatyň işjeň ulanyjylarynyň umumy sany 675 million adama ýetdi, seljerijiler bolsa 664,9 million bolar diýip çaklapdylar. Tölegli abonentleriň sany 263 milliona ýetdi, ýagny garaşylan 254,9 milliondan ýokary boldy.
Şwesiýanyň Spotify Technology SA kompaniýasynyň maliýe üstünligi biržada-da öz beýanyny tapdy. 4-nji fewralda geçirilen deslapky söwdada kompaniýanyň paýnamalary 7,5% ýokarlanyp, her paýnama üçin 590 dollara ýetdi. Bir gün öň, 3-nji fewralda ol 549,08 dollar bilen ýapylypdy.
2024-nji ýylda paýnamanyň ösüşi 138% boldy. Seljerijiler muny Spotify-yň ýolbaşçylarynyň audiokitaplara we podkastlara birnäçe ýyllap köp maýa goýmagyndan soň, girdejililige gönükdirmek karary bilen baglanyşdyrýarlar.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......