2024-nji ýylda iň köp satylan 10 smartfonyň 7-si – iPhone, galan 3-üsi – Samsung

  • 06.02.2025 09:44
  • 3.3k+

Canalys analitiki kompaniýasynyň gözleglerine görä, 2024-nji ýylda dünýäde iň köp satylan on smartfonyň ýedisi Apple kompaniýasy tarapyndan öndürildi. Bu barada GSMArena habar berýär.

Ilkinji onluga öz gurluşlary bilen goşulan ýeke-täk brend Samsung boldy, onuň sanawda Galaxy A15 we A15 5G, şeýle-de flagman Galaxy S24 Ultra modelleri bar.
Bazaryň öňdebaryjysy iPhone 15 bolup, onuň satuwy 36,6 mln gurluşa barabar. Bu geçen ýyl satylan umumy 1,22 mlrd smartfonyň, takmynan, 3%-ini emele getirýär.
Ikinji we üçünji orunlary iPhone 16 Pro Max we iPhone 15 Pro Max eýeledi. Olaryň yzyndan Samsung Galaxy A15 we iPhone 16 Pro gelýär.
iPhone 15 Pro we iPhone 16 altynjy we ýedinji orunda ýerleşdi, sekizinji orunda bolsa Samsung Galaxy A15 5G bar. Dokuzynjy orny Galaxy S24 Ultra eýeledi, onlugy üç ýyl mundan ozal çykarylan iPhone 13 jemledi.
2024-nji ýylda iň köp satylan smartfonlaryň onlugyna bäş flagman modeli girdi. Bu hem alyjylaryň has ösen premium gurluşlaryny satyn almaga meýilliligini görkezýär. 


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....