Çehiýada samyrlar bent gurup, döwlet üçin 1,2 mln dollardan gowrak pul tygşytlady

  • 05.02.2025 17:12
  • 16k+

Çehiýada Brdy goraghana zolagyndaky samyrlar häkimiýetler tarapyndan heniz 2018-nji ýylda gurmagy meýilleşdirilen birnäçe bendi döretdi diýip, ČT24 teleýaýlymy habar berýär.

Bentler Padrt howdanlarynda iki gijede guruldy. Bu ýerli howdanlaryň ekoulgamyny gowulandyrdy, aýratynam, suw-batgalyk ýerleriniň tebigy landşaftyny dikeltmäge kömek etdi. Şeýle üýtgeşmeler ýerli derýa jandarlarynyň, şol sanda ýerde-suwda ýaşaýanlaryň we seýrek daş leňňejiniň ýaşaýşy üçin şertleri gowulandyrar.
Bendiň gurulmagy häkimiýetler üçin 1,2 mln dollardan gowrak pul tygşytlady diýip, Brdy goralýan sebitiniň administrasiýasynyň başlygy Bogumil Fişer aýtdy.
Ýerli häkimiýetler ilkibaşda eko-bentleriň taslamasyny 2018-nji ýylda tassyklady, ýöne ygtyýarnama almak prosesi uzaga çekdi. Çehiýada 2013-nji ýyldan bäri samyrlary goramak boýunça maksatnama hereket edýär. Häzirki günde ýurtda bu haýwanlaryň sany, takmynan, 15 müňe barabar.

şu gün 17:10
796

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

şu gün 16:45
482

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......