Syzma maglumatlar Samsung-yň üç eplenýän smartfonynyň adyny aýtdy – Galaxy G Fold

  • 05.02.2025 13:35
  • 2.6k+

Samsung kompaniýasy Huawei Mate XT-niň bäsdeşi bolup biljek ilkinji üç eplenýän smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Täze syzylan maglumatlara görä, kompaniýa bu modeli Galaxy G Fold diýip atlandyrar.

Yeux1122 insaýderiniň maglumatlary boýunça, täze model 2025-nji ýylda Samsung Unpacked tomusky çäresinde ýa-da 2026-njy ýylyň başynda hödürlener. Gurluş açylan ýagdaýynda 9,96 dýuým we ýygnalan ýagdaýynda 6,54 dýuým ekrana eýe bolar. Ekran Huawei Mate XT-niň S şekilli dizaýnyndan tapawutlylykda, G şekilli ýygnalma mehanizmi bilen goralar. Bu gurluşyň berkligini ýokarlandyrmaly.
Galaxy G Fold-yň çaklanylýan bahasy 2000 dollardan gowrak bolup, bu ony Samsung hatarynda iň gymmat smartfonlaryň birine öwürýär.
Ýokary baha garamazdan, gurluş bahasyny ödejek derejede innowasion we berk bolmagy wada berýär. Smartfonyň aýratynlyklary we çykyşynyň takyk senesi barada goşmaça maglumatlar tanyşdyrylyşa golaý belli bolup biler.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...