Xiaomi YU7 krossoweri bir gezeklik zarýady bilen 760 km ýol geçýär

  • 05.02.2025 12:58
  • 2.3k+

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň maglumatlar bazasynda Xiaomi YU7 elektrikli krossoweri barada goşmaça maglumatlar peýda boldy. Maglumatlara görä, täze ulag bir gezeklik doly zarýady bilen esasy bäsdeşi bolan Tesla Model Y-den has köp ýol geçýär diýip, CarNewsChina habar berýär.

Bu ulag Xiaomi kompaniýasynyň täze awtoulag bölüminiň çykaran ikinji modeli bolup durýar.
Xiaomi YU7 220 kWt-lyk öň tarapky we 288 kWt-lyk yz tarapky elektrik hereketlendirijileri bilen üpjün edilendir. Olaryň jemi kuwwaty bolsa 691 at güýjüne deňdir.
Ministrligiň maglumatlaryna görä, Bu model CLTC standartlaryna laýyklykda 670, 750 we 760 kilometrlik üç dürli akkumulýator görnüşleri üçin sertifikatlaşdyryldy. Mysal üçin, ýakynda täzelenen Tesla Model Y 78,4 kWt-sagatlyk akkumulýatory we iki hereketlendirijili ulgamy bilen CLTC standarty boýunça 719 kilometre çenli ýol geçýär.
Şeýle-de, Xiaomi YU7-niň diňe yzky tekerlerden hereketlendirilýän, 320 at güýjüne barabar kuwwatly görnüşi hem bolar. Bu konfigurasiýada ulagyň iň ýokary tizligi 253 km/s-den 240 km/s-e çenli peseler.
Xiaomi YU7 elektrikli krossoweri 2025-nji ýylyň tomsunda – iýun ýa-da iýul aýlarynda Hytaýyň içerki bazaryna çykarylar. Öň berlen maglumatlara görä, bu krossoweriň başlangyç bahasy takmynan 250 müň ýuan (35 müň dollar) bolar.


26.05.2026 16:04
2.5k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......