Beýik Britaniýanyň taryhynda iň uly lakga balygy tutuldy. Uzynlygy 2,4 metr

  • 05.02.2025 12:53
  • 13k+

Beýik Britaniýanyň Moldon şäherinde (Esseks graflygy) «ýurduň taryhyndaky» iň uly lakga balygy tutuldy. 34 ýaşly Şon Ing aýaly bilen balyk tutup otyrka, lakga balygy onuň toruna düşdi diýip, BBC News habar berýär.

Ony kenara çykarmak üçin Ing takmynan bir ýarym sagat güýmenmeli boldy. Onuň aýtmagyna görä, äpet lakga hiç hili ýagdaýda boýun egmek islemedi. Bir sagatlyk göreşden soň hem ol tory öňküsi ýaly güýç bilen çekmegini dowam etdirdi.
Kenara çykarlandan soň, Ing balygyň agramyny we uzynlygyny ölçedi. Lakga balygynyň uzynlygy 2,4 metrden hem geçdi, agramy bolsa 68 kilogram boldy. Ony çekmek üçin ulanylan tereziniň beýle uly balyk üçin niýetlenmändigi ýüze çykdy: lakga asylansoň, tereziniň çeňňegi egildi.
Balyk aslynda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda tutuldy, emma onuň rekordy resmi taýdan 2025-nji ýylyň ýanwarynda tassyklandy. Ondan öňki rekord 2024-nji ýylyň maý aýynda goýlupdy: şol wagt 64,4 kilogramlyk lakga balygy tutulypdy. Bu iki lakga hem Moldonyň golaýyndaky şol bir kölde ýaşaýardy.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......