Britaniýada bulut hasaplamalary we EA üçin Ýewropada iň uly maglumat merkezi gurlar

  • 04.02.2025 16:04
  • 2.6k+

Beýik Britaniýada bulut hasaplamalary we emeli aň üçin Ýewropada iň uly maglumat merkezini gurmak taslamasy makullandy. DC01 kompaniýasy bu maglumat merkezini Angliýanyň günorta-gündogaryndaky Hartfordşir graflygynda gurar.

Täze maglumatlary işleýiş merkezi DC01UK-nyň meýdany iki million ineödürdül futa (takmynan, 185 806 inedördül metr) barabar bolup, milli elektrik ulgamyndan 400 MBA (megawolt-amper) elektrik energiýasyny sarp eder. Elektrik energiýasynyň bu mukdary 20 000 öýi üpjün etmek üçin ýeterlikdir.
Taslamanyň gurluşygynyň bahasy 3,75 mlrd funt sterling bolup, merkez ulanylyşa girizilenden soň işewürlik salgydy görnüşinde alynýan ýyllyk girdeji 21,4 mln funt sterling bolar. Maglumat merkezi gurluşyk wagty 500 hünärli iş ornuny, işe goýberilenden soň 200 hemişelik hünärli iş ornuny we goşmaça 13 740 iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer.
Maglumat merkezi 85 akr meýdanda gurlar, bu meýdanyň 54%-i ýaşyl giňişlik bolup galar. Gurluşygy 2027-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär, ulanylyşa bolsa ýene üç ýyldan, 2030-njy ýylda giriziler.
Bu desganyň esasy kärendeçisi AWS, Microsoft ýa-da Google ýaly iň uly ulgam operatorlarynyň biri bolar diýip çaklanylýar.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

04.05.2026 12:04
4.1k+

Ählumumy maglumat merkezleriniň gurluşygynyň şowhuny serişdelere düşýän agramy artdyrýar

Dünýäniň maglumat merkezleriniň infrastrukturasy çalt depginde giňelýär, bu bolsa gurluşykda iň uly şowhunlaryň birini döredýär we energiýa we suw serişdelerine düşýän agramy artdyrýar....

28.04.2026 17:11
5.3k+

Britaniýaly inžener 338 km/sag tizlik bilen gidýän «bugly raketany» döretdi

Beýik Britaniýaly inžener-entuziast Grem Saýks bug güýji bilen işleýän motosikl gurnady. Bu täsin ulag Santa Pod ýaryş meýdançasynda geçirilen barlaglarda «dünýäniň iň çalt bugly motosikli» diýen ady almagy......