Xiaomi SU7 Ultra sedanlarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady

  • 04.02.2025 15:15
  • 5.5k+

Pekindäki zawodyň çäginde üç sany elektrikli hereketlendirijisi bolan we iň ýokary güýji 1138 kWt-a (1526 at güýjüne) ýetýän örän güýçli we çalt Xiaomi SU7 Ultra sedanlary göründi diýip, CarNewsChina habar berýär.

Kompaniýa iň ýokary derejeli modelini köpçülikleýin önümçilige goýberdi. Onuň satuwynyň we müşderilere eltilmeginiň mart aýynda başlanmagyna garaşylýar.
Ýatlatsak, Xiaomi SU7 Ultra dünýäniň iň çalt dört gapyly awtoulagy bolupdy.
Deslapky sargytlar 29-njy oktýabrda başlady, bahasy bolsa 113 müň 200 dollar diýlip kesgitlenildi. Bu sedan ýokary bahasyna garamazdan, tanyşdyrylyş dabarasy tamamlanandan soň bary-ýogy 10 minudyň dowamynda 3680 sany sargyt aldy.
Xiaomi-niň Pekindäki zawodynda onlarça SU7 Ultra ulaglary görüldi. Sport görnüşli öňki bamperi, ulaldylan tormozlary, aýratyn sary reňkli kuzowy we «Ultra» ýazgylary bilen ak çyzyklar bu modeli beýlekilerden tapawutlandyrýar. Mundan başga-da Xiaomi SU7 Ultra ulaldylan yzky spoýleri we giňeldilen kuzowy bilen aýratyn tapawutlanýar.
Bu awtoulaglardan onlarçasynyň bardygy, bu sedanyň köpçülikleýin önümçilige girizilendigine şaýatlyk edýär. Şonuň ýaly-da, Xiaomi geçen ýylyň fewral aýynda adaty SU7 modelini köpçülikleýin önümçilige goýberipdi. Awtoulagyň hakyky satuwy bolsa 28-nji martda başlapdy.


26.05.2026 16:04
2.5k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......