Dünýäde smartfonlaryň satuwy iki ýyldan soň ilkinji gezek artdy: olaryň ortaça bahasy 365 dollara ýetdi

  • 04.02.2025 07:21
  • 4.4k+

Iki ýyllap dowam eden pese gaçmadan soň bazar täzeden ösüş görkezdi. 2024-nji ýylda dünýä boýunça smartfonlaryň satuwy 5% ýokarlandy. Ortaça satuw bahasy bolsa rekord derejä – 365 dollara ýetdi diýip, Counterpoint ýazýar.

Smartfonlaryň satuwy diňe bir girdeji boýunça däl, eýsem sany boýunça hem artdy. Soňky iki ýylyň dowamynda ilkinji gezek şeýle ösüş boldy. Dünýäniň ykdysady ýagdaýy kadalaşdy. Adamlaryň täze telefon satyn almagy has ýygjamlaşdy. Munuň sebäbini 5G torlarynyň ýaýramagy, kameralaryň kämilleşmegi we prosessorlaryň tizlenmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
2024-nji ýylda öndürijiler has gymmat smartfonlara üns berdiler, ulanyjylar hem ýokary derejeli enjamlary satyn almak islediler. Şol sebäpli smartfonlaryň ortaça bahasy ýokarlandy.
Apple kompaniýasynyň girdeji boýunça bazardaky paýy 46%, satuw sany boýunça bolsa 18% boldy. Girdeji boýunça Apple birinjiligi saklady. Satuw sany boýunça bolsa Samsung-yň yzynda galdy. Şeýle-de bolsa, Apple satuw bahasy boýunça täze rekordyny goýdy. Onuň ortaça satuw bahasy 900 dollar boldy.
Samsung bu görkeziji boýunça ep-esli yzda galdy. Ol 299 dollar ortaça satuw bahasy bilen ikinji orny eýeledi. Kompaniýanyň smartfon satuwy birneme azaldy, emma ortaça satuw bahasyny ýokarlandyrmak arkaly girdejisini 2% artdyrdy.
2024-nji ýylda satuw sany boýunça iň uly ösüşi Xiaomi görkezdi. Kompaniýa bazaryň 14%-ini eýeläp, üçünji orna çykdy. Şeýle-de Xiaomi awtomobil bazaryna girip, markasynyň abraýyny hasam ýokarlandyrdy.
Girdejisi iň çalt artan kompaniýa Vivo boldy. Onuň girdejisi 20% ýokarlandy. Hytaý we Hindistan bazarlarynda üstünlik gazanyp, 2024-nji ýylda şol ýurtlaryň her birinde bazar lideri boldy.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.7k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....