Ilon Mask: Tesla ýylda 10 müň sany Optimus robotyny öndürmäge taýyn

  • 04.02.2025 07:23
  • 4.2k+

Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask ýakynda geçirilen çärýeklik metbugat ýygnagynda şu ýyl kompaniýanyň 10 müň sany gumanoid (adam şekilli) Optimus robotyny öndürmäge taýyndygyny aýtdy diýip, Electrek neşiri habar berýär.

Mask bu maksadyň örän uly wezipedigini belledi. Optimus robotlary Tesla zawodlarynda işe ýerleşdiriler, olar önümçilige kömek ederler.

«Biz şu ýyl dekabryň ahyryna çenli 10 müň robot öndürip bilerismi? Ähtimal, ýok. Ýöne müňlerçesini öndürip bilerismi? Hawa, men muny başararys diýip pikir edýärin. Bu müňlerçe Optimus roboty ýylyň ahyryna çenli peýdaly işler ederlermi? Hawa, men olaryň peýdaly boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Mask aýtdy.

Mundan ozal Tesla kompaniýasy käbir robotlaryň eýýämden zawodlarynda işleýändigini habar beripdi. Ýöne metbugat çärelerinde, görkezilen robotlaryň hakykatda uzakdan adamlar tarapyndan dolandyrylýandygy ýüze çykaryldy.
Maskyň sözlerine görä, häzirki wagtda Tesla her aý 1000 sany Optimus robotyny öndürmek üçin önümçilik hataryny gurýar. Soňraky önümçilik hatary her aý 10 müň robot çykarmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Tesla kompaniýasy Optimus-yň täze wersiýasynyň üstünde işleýär. Bu täze modelden her aý 100 müň sanysy öndürilip, onuň önümçilik hatary bolsa indiki ýyl işe giriziler.
Maskyň meýilnamalary has uly, ol her ýylda 100 million Optimus robotyny öndürmegi maksat edinýär. Onuň pikirine görä, bu kompaniýanyň esasy girdeji çeşmesine öwrüler.
Robotlaryň satuwyna 2026-njy ýylda başlanar. Şol wagta çenli Tesla ähli robotlary diňe öz işlerinde ulanmagy meýilleşdirýär. Önümçilik ýylda 1 million robota ýetende, bir robotyň bahasy 20 müň dollar ýa-da ondan hem arzan bolar. Bu bolsa takmynan 2027-nji ýylda bolup biler.


23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

18.04.2026 16:22
4.3k+

Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär....

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

14.03.2026 23:33
4k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...