Apple-iň işjeň gurluşlarynyň sany rekord 2,35 milliarda ýetdi, ýöne ösüş haýallady

  • 04.02.2025 07:07
  • 1.2k+

Apple kompaniýasy bütin dünýäde işleýän öz önümçiligine degişli gurluşlaryň sanynyň 2,35 mlrd birlige ýetendigini habar berdi. Bu 2024-nji ýylyň fewral aýynda mälim edilen 2,2 mlrd görkezijiden öňe geçen täze rekorddyr diýip, 9to5mac ýazýar.

Ösüş 150 mln gurluş boldy, bu 6,8% ösüşiň bolandygyny aňladýar. Şol bir wagtyň özünde, ösüş depgini geçen ýyl bilen deňeşdirilende haýallady, şol wagt işjeň gurluşlaryň sany 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndaky 2 mlrd birlikden 10% artypdy.
Ösüş depgininiň haýallandygyna garamazdan, kompaniýa geljege umytly garaýar. Baş müdir Tim Kuk Hytaýda täze Apple Intelligence emeli aň bukjasynyň işe girizilmeginiň satuwa oňyn täsir etjekdigine ynam bildirýär. Onuň aýtmagyna görä, iPhone 16-nyň satuwy eýýäm Apple Intelligence-iň işleýän ýurtlarynda iPhone 15-iň görkezijilerinden öňe geçdi.
Täze hyzmatlar bukjasy iOS 18.4 täzelenmesi bilen birlikde aprel aýynda elýeterli bolup biler.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....