Alymlar beýniniň 3D çap edilen nusgasyny döretdiler

  • 04.02.2025 00:34
  • 2.5k+

Niderlandlaryň Delft tehniki uniwersitetiniň (TU Delft) alymlary neýron torlaryny öwrenmek üçin beýniniň 3D (üç ölçegde) çap edilen nusgasyny döretdiler. Döredilen nusga neýronlaryň kämilleşmegine we olaryň biri-biri bilen baglanyşmagyna mümkinçilik berýär. Bu täze nusga hakyky beýniniň ýumşak nerw dokumasyna meňzeş ownuk nanosütünlerden ybaratdyr. Bu barada geçirilen ylmy barlagyň netijeleri Advanced Functional Materials žurnalynda çap edildi.

Adaty Petri gaplary öýjükleri ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylýar. Emma olar tekiz we gaty bolany üçin, beýniniň tebigy süýümli gurşawyna laýyk gelmeýär. Şol sebäpden hem, alymlar ýörite 3D çap usulyny ulanyp, adamyň saçyndan müň esse inçe ownuk nanosütünçeleri döretdiler.
Bu nanosütünçeler neýronlara beýniniň gurşawy ýaly täsir edýär. Neýronlar bu ýerde hakyky beýnidäki ýaly ösüp, torlary emele getirýärler.

«Neýronlary aldap, olary hakykatdan hem beýni ýaly ýumşak gurşawda ýerleşýändir öýtdürýäris. Aslynda nanosütünçeleriň materialy gaty bolýar» diýip, barlag toparynyň ýolbaşçysy dosent Anjelo Akkardo düşündirýär.

Alymlar täze nusgany synagdan geçirdiler. Olar üç dürli neýron görnüşini nanosütünçeleriň üstünde ösdürip ýetişdirdiler. Netijede, neýronlar adaty tekiz Petri gaplaryndaky ýaly tötänleýin däl-de, belli bir tertipde ösüp, torlary emele getirdiler.
Barlagyň ilkinji awtory Georg Flamurakis, bu gurşawyň neýronlaryň kämilleşmegine ýardam berendigini belleýär. Nanosütünçeleriň üstünde ösen neýronlar, tekiz ýerlerde ösenler bilen deňeşdirilende has kämil boldy.
Bu täze nusga geljekde Altsgeýmer, Parkinson we autistik spektr ýaly nerw ulgamy bilen baglanyşykly keselleri öwrenmek üçin ulanylar.


20.02.2026 18:09
2.3k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi...

17.02.2026 09:29
4.2k+

Beýik Britaniýada elektrik toguny simsiz geçirmek synag edilýär

Beýik Britaniýada elektriki energiýasyny hiç hili simsiz geçirmek boýunça täze taslama badalga berildi. Wireless Power Transmission diýlip atlandyrylýan bu taslama, adaty elektrik ulgamlaryny we kabelleri simsiz ulgamlar bilen çalşyp boljakdygyny ýa-da olary bar bolan infrastruktura bilen bilelikde ulanyp boljakdygyny öwrenýär...

14.02.2026 17:27
3.4k+

NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär

NASA aerodinamiki garşylygy gowşatmak we ýangyjy az sarp etmek maksady bilen ýasalan CATNLF ganatynyň uly göwrümli modeliniň ilkinji uçuş synagyny geçirdi. Synag 29-njy ýanwarda Kaliforniýadaky NASA-nyň Armstrong adyndaky barlag merkezinde amala aşyrylsa-da, bu barada resmi taýdan diňe häzir habar berildi...

13.02.2026 10:25
1.2k+

Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi

Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat...