Pars aýlagynda sekuntda 720 terabit geçiriş tizligi bolan sanly deňiz ulgamy dörediler

  • 04.02.2025 00:45
  • 6.7k+

Kataryň Ooredoo kompaniýasy Alcatel Submarine Networks (ASN) fransuz kompaniýasy bilen täze suwasty kabeli çekmek boýunça degişli ylalaşyga gol çekdi. Bu kabel sebitiň ýedi ýurduny: Katary, Omany, BAE-ni, Bahreýni, Saud Arabystanyny, Kuweýti we Eýrany birleşdirer diýip, Telecoms.com habar berýär.

«Fibre in Gulf» (FIG) atly taslama Pars aýlagynyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine (GCC) degişli ähli ýurtlara, olary Ýewropa bilen baglanyşdyrýan täze geçelgäni, ýagny internedi we maglumatlary geçirmek boýunça täze ýoly hödürleýär. Bu täze ýol has az gijikmeli, gysga we howpsuz bolar. Kabelde 24 sany optiki süýüm bolup, onuň maglumat geçiriş tizligi sekuntda 720 terabite çenli bolar.
Bu infrastruktura işewür müşderilere, hökümetlere, emeli aňly hyzmatlary üpjün edýän kompaniýalara, maglumat merkezlerine we telekommunikasiýa operatorlaryna uly mümkinçilikler döredip, toruň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny berkidip, internet baglanşygynyň tizligini hem ýokarlandyrar.
Ooredoo kompaniýasynyň maýa goýumlary, sebitleýin sanly senagatyň ösmegine uly itergi berer. Bu taslama, bulut hyzmatlarynyň ösüşini, uly maglumatlar inisiatiwalaryny we umumy sanly öwrülşigi tizleşdirer.

şu gün 17:10
745

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

şu gün 16:45
403

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......