YouTube täze «Jemgyýetler» sahypasynyň gerimini giňeldýär

  • 03.02.2025 21:52
  • 1.8k+

YouTube döredijiler bilen muşdaklaryň arasyndaky aragatnaşygy güýçlendirmegiň ýollaryny giňeldýär. Indi wideo döredijileri Discord ýaly başga platformalara mätäç bolmazdan, öz sahypalarynda muşdaklary bilen pikir alşyp bilerler diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Diňe mobil enjamlarda elýeterli bolan «Jemgyýetler» (Communities) aýratynlygy ilkinji gezek geçen güýz «Made for YouTube» çäresinde hödürlendi. Döredijiler bu ýerde tekstden we suratdan ybarat postlary paýlaşyp, muşdaklar bolsa teswir galdyryp, pikir alşyp bilýärler.
YouTube şu wagta çenli bu aýratynlygy az sanly dörediji bilen synagdan geçirdi. Netijeler gowy boldy, şonuň üçin hem indi bu mümkinçilik has köp döredijilere hödürlener.
Döredijiler YouTube Studio programmasynyň «Jemgyýet merkezinde» (Community Hub) öz kanallaryndaky hereketleri dolandyryp bilerler. Şeýle-de muşdaklara jogap bermek üçin teklipleri hödürläp bilerler.
YouTube öň bar bolan «Jemgyýet» sahypasyny «Postlar» diýip atlandyrar. Bu ýerde maksat, täze aýratynlyk bilen öňki aýratynlygyň arasyndaky tapawudy ulanyjylara has düşnükli etmekdir. Sahypanyň işleýşi öňküligine galdyrylar. Döredijiler bu ýerde täzelikleri paýlaşyp bilerler, şeýle-de tomaşaçylar hem öňküsi ýaly teswir galdyrmaga dowam edip bilerler.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......