Apple kompaniýasy Apple Watch-daky batareýanyň näsazlygy üçin 20 million dollar tölemeli edildi

  • 03.02.2025 21:47
  • 2.5k+

Apple Watch akylly sagatlarynda batareýanyň çişmegi sebäpli ýüze çykan meseleler boýunça kazyýet işi tamamlandy. Netijede, kompaniýa 20 million dollar möçberinde töleg tölär. Emma ulanyjylara tölenjek öwez tölegleriniň möçberi örän az bolar diýip, TechCrunch habar berýär.

Apple bilen baglanyşykly bu kazyýet işi alty ýyl dowam etdi. Apple Watch Series 1, 2 we 3 enjamlarynda batareýanyň çişmegi sagadyň ekranyny we beýleki böleklerini zaýalaýardy. Şol sebäpli 2019-njy ýylda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Demirgazyk etraby boýunça Federal kazyýetine şikaýat berildi.
ABŞ-da ýaşaýanlara we 24.04.2015ý.-06.02.2024ý. aralygynda Apple-yň goldaw gullugyna bu mesele boýunça ýüz tutanlar öwez tölegini alyp bilerler. Töleg mukdary 20-50 dollar aralygynda üýtgeýär. Köp ulanyjy üçin bu pul möçberi kän bir ähmiýetli däl, şol sebäpden olar teklibi kabul etmän bilerler.

«Bu ylalaşyk eýýäm satuwdan aýrylan Apple Watch, Series 1, 2 we 3 modelleriniň eýelerine degişli. Biz bildirilýän şikaýatlar bilen ylalaşmaýarys. Ýöne kazyýet işleriniň dowam etmeginiň öňüni almak üçin ylalaşyk baglaşdyk» diýip, Apple beýanat berdi.

Öwez tölegleriniň serişdelerini almak üçin ulanyjylar 2025-nji ýylyň 10-njy apreline çenli watchsettlement.com sahypasyna girip, arza tabşyrmaly. Töleg alnandan soň, ulanyjylar bu mesele boýunça indi Apple-a garşy şikaýat edip bilmezler.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....