Microsoft Paint programmasyna Copilot AI kömekçisini goşdy

  • 04.02.2025 00:28
  • 1.6k+

Microsoft kompaniýasynyň işläp düzüjileri Windows 11 operasion ulgamynyň dürli programmalarynda Copilot AI kömekçisini elýeterli etmek boýunça işlerini dowam etdirýär. Bu gezek Paint grafiki redaktorynda Copilot-y çalt açmak üçin ýörite düwme peýda boldy. Onuň kömegi bilen ulanyjylar Paint programmasynyň içinde bar bolan emeli aň esasly ähli mümkinçiliklere elýeterli bolarlar diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Paint programmasynda Copilot düwmesine basylandan soň, generatiw algoritmlere esaslanýan Cocreator, Image Creator, Generative Erase we Remove Backogrund ýaly funksiýalar ýerleşdirilen kiçi menýu açylýar. Microsoft kompaniýasynyň Copilot düwmesini Paint programmasyna goşmagy, AI kömekçisini mümkin bolan her ýere, hatda klawiaturalardan başlap Windows-yň meseleler paneline çenli ornaşdyrmak isleginiň ýene bir ädimi boldy.
Microsoft ýakynda generatiw neýron torlaryna esaslanýan şekil döretmek funksiýalaryny Paint programmasyna goşdy. 2023-nji ýylyň ahyrynda Paint grafiki redaktorynda DALL-E algoritmine esaslanýan Cocreator funksiýasy peýda boldy. Soňra ýene-de işläp düzüjiler birnäçe goşmaça AI gurallaryny goşdular, indi bolsa Copilot düwmesiniň peýda bolmagy bilen olaryň hemmesi bir ýere jemlendi.
Bu täze aýratynlyk şu hepde paýlanylyp başlanan täzelenmäniň bir bölegi bolup, ol Windows Insider synag maksatnamasynyň Dev we Canary kanallaryndaky ulanyjylara elýeterli bolar. Täzelenme, şeýle hem AI gözleg funksiýasynyň gowulandyrylmagyny öz içine alýar. Indi ulanyjylar bu guraly bulut ýat hyzmatyndaky suratlary tebigy dil buýruklary arkaly gözlemek üçin ulanyp bilerler. Mundan öň bu mümkinçilik diňe ýerli faýllar bilen çäklenýärdi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......