«Sagatda GTA oýnamak!?»: Galaxy Watch 5-de PSP emulýatory we Steam Link işledildi

  • 03.02.2025 21:32
  • 2.7k+

Reddit platformasyndaky ZenonDesingk atly ulanyjy Samsung Galaxy Watch 5 akylly sagadynda PSP oýunlaryny sekuntda 60 kadr (FPS) tizlikde işletmegi we Steam Link arkaly kompýuter oýunlaryny striming etmegi başardy diýip, Android Authority habar berýär.

ZenonDesingk atly ulanyjy Google Play Store-däki Wear OS oýunlaryny kän bir halamady we has gowy oýunlary oýnamak isledi. Ýöne APK faýllaryny Bluetooth ýa-da brauzer arkaly göçürip almak işlemeýärdi. Şonuň üçin ol ADB (Android Debug Bridge) ulanmaga karar berdi. Bugjaeger atly programma arkaly telefonyndan akylly sagadyna Wi-Fi arkaly APK faýllaryny geçirdi.

Şeýlelikde, ol PSP emulýatoryny akylly sagadyna üstünlikli gurnady. DPI sazlamalaryny üýtgedip, oýunlary oýnalyp bilner ýaly ýagdaýa getirdi. Netijesimi? Geň galdyryjy boldy: ol Galaxy Watch 5 akylly sagadynda GTA: Vice City, Mortal Kombat we Need for Speed: Most Wanted ýaly klassikalary sekuntda 60 kadra çenli tizlikde işletmegi başardy. Has agyr oýunlar bolsa, meselem, God of War sekuntda 30 kadr tizlikde açyldy.
Emma ZenonDesingk munuň bilen hem çäklenmedi. Ol synaglaryny dowam etdirip, sagadyna Steam Link gurnady we Forza Horizon 4 ýaly uly göwrümli kompýuter oýunlaryny göni «bileginde» striming etdi. Elbetde, sagadyň kiçi ekrany oýny oýnamagy kynlaşdyrýardy, şonuň üçin ol Bluetooth oýun dolandyryjysyny ulanyp, tejribäni has amatly hala getirdi.
Elbetde, bu oýun oýnamak üçin iň amatly usul däl. Ýöne bu synag häzirki zaman enjamlaryň öňki tehnologiýalara garanyňda näderejede güýçlüdigini, azajyk bilim we döredijilik bilen näderejede köp zat edip bolýandygyny görkezýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...