Meta Taýwan bilen ABŞ-nyň arasynda suwasty ORCA internet kabelini geçirer

  • 03.02.2025 21:25
  • 5.2k+

Meta korporasiýasy (Facebook we Instagram sosial ulgamlarynyň eýesi) Taýwan bilen ABŞ-ny gönüden-göni birleşdirjek täze suwasty ORCA internet kabelini geçirmegi meýilleşdirýär. Taslama bu sebitleriň arasynda ýokary tizlikli internet üçin barha artýan islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilendir diýip, Subsea Cables habar berýär.

Suwasty optiki-süýümli kabel ORCA alty jübüt süýümden ybarat bolup, 12 000 kilometre uzalyp gider. Ol Taýwanyň Toçen şäherini Kaliforniýanyň Ermosa-Biç we Mançester şäherleri bilen baglanyşdyrar. Kabeliň işe girizilmegi 2027-nji ýylyň ikinji çärýegine meýilleşdirilýär.
Kabeliň uzynlygy we ýol ugrunda retranslýatorlaryň ýokdugy sebäpli, her jübüt süýümiň geçirijilik ukyby 12,8 Tbit/s-den köp bolmaz, umumy geçirijilik bolsa 76,8 Tbit/s bolar.
ORCA “açyk” kabel bolar, bu her jübüt süýümiň enjamlaryň aýratyn eýeleri tarapyndan dolandyryljakdygyny aňladýar. Diňe elektirk üpjünçiligi umumy bolar. Meta kabeliň ýeke-täk eýesidir, şonuň üçin çykdajylary ödemek we ulanylyş çykdajylaryny paýlaşmak üçin onuň geçirijilik ukybyny beýleki kompaniýalara satyp biler.  


25.04.2025 16:13
3k+

Ýewropa Bileleşigi Apple-e 500 mln, Meta bolsa 200 mln ýewro jerime saldy

Ýewropa Bileleşigi Apple we Meta kompaniýalaryna Sanly bazarlar hakyndaky kanuny (DMA) bozandygy üçin jerime saldy. Apple 500 million, Meta bolsa 200 million ýewro jerime tölemeli edildi. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär...

16.12.2024 15:24
4.2k+

Meta, TikTok we Google 2025-nji ýyldan Awstraliýanyň KHBS-ini maliýeleşdirmeli bolar

Meta, TikTok we Google ýaly uly sanly platformalar indiki ýyldan başlap, Awstraliýanyň habar neşirýatlaryny maliýeleşdirmäge mejbur bolar diýip, The Guardian ýazýar. Awstraliýada ýyllyk girdejisi 250 million dollardan...

şu gün 00:23
1.7k+

Türkmenistanda dekabryň aýlyk zähmet haklary 20-sine çenli töleniler

Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi,  bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy...

şu gün 00:07
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti 11-12-13-nji dekabry iş güni däl diýip yglan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 11 – 12 - 13-nji dekabryny iş güni däl diýlip yglan etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany bu karara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk...