Beýonse we Kendrik Lamar «Gremmi-2025-iň» baş baýraklaryny aldylar

  • 03.02.2025 21:10
  • 3.5k+

Los-Anjelesde 67-nji «Gremmi» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu ýyl esasy nominasiýalarda ýeňiji bolmak bagty aýdymçy Beýonse bilen repçi Kendrik Lamara miýesser etdi.
Beýonse ilkinji gezek «Ýylyň albomy» baýragyny alyp, XXI asyrda bu baýragy gazanan ilkinji garaýagyz zenan boldy.

Onuň bu ýeňşi Jay-Z-niň geçen ýyl «Gremmini» tankytlamagyndan soň möhüm waka öwrüldi. Repçi Jay-Z öz aýalynyň «Gremmi» taryhynda iň köp baýrak alan sungatçydygyny, ýöne hiç haçan «Ýylyň albomy» kategoriýasynda ýeňiji bolmandygyny belläpdi. Indi bolsa bu kemçilik hem düzedildi.

«Gremmi-2025»-iň ýeňijileri:

  • ·Ýylyň albomy: Beýonse – «Cowboy Carter»
  • ·Ýylyň ýazgysy: Kendrik Lamar – «Not Like Us»
  • ·Ýylyň aýdymy: Kendrik Lamar – «Not Like Us»
  • ·Iň gowy kantri albomy: Beýonse – «Cowboy Carter»
  • ·Iň gowy täze sungatçy: Çappell Ron
  • ·Iň gowy klip: Kendrik Lamar – «Not Like Us»

Pop aýdym-sazlary boýunça:

  • ·Iň gowy wokal pop albomy: Sabrina Karpenter – «Short n’ Sweet»
  • ·Iň gowy ýekelikde ýerine ýetirilen pop aýdym: Sabrina Karpenter – «Espresso»
  • ·Iň gowy tans-pop aýdymy: Charli XCX – «Von Dutch»
  • ·Iň gowy pop dueti ýa-da topary: Ledi Gaga we Bruno Mars – «Die With A Smile»
  • ·Iň gowy däp bolan pop wokal albomy: Nora Jons – «Visions»

Tans we elektronika aýdym-sazlary boýunça:

  • ·Iň gowy tans/elektronika aýdymy: Justice & Tame Impala – «Neverender»
  • ·Iň gowy tans/elektronika albomy: Charli XCX – «Brat»

R&B we rep boýunça:

  • ·Iň gowy R&B aýdymy: SZA – «Saturn»
  • ·Iň gowy däp bolan R&B ýerine ýetirilişi: Lucky Daye – «That’s You»
  • ·Iň gowy R&B ýerine ýetirilişi: Muni Long – «Made For Me (Live On BET)»
  • ·Iň gowy rep ýerine ýetirilişi: Kendrik Lamar – «Not Like Us»
  • ·Iň gowy rep aýdymy: Kendrik Lamar – «Not Like Us»
  • ·Iň gowy rep albomy: Doechii – «Alligator Bites Never Heal»

Rok we alternatiw aýdym-sazlary boýunça:

  • ·Iň gowy rok ýerine ýetirilişi: The Beatles – «Now and Then»
  • ·Iň gowy metal ýerine ýetirilişi: Gojira, Marina Viotti & Victor Le Masne – «Mea Culpa (! Ça ira!)»
  • ·Iň gowy rok aýdymy: St. Vincent – «Broken Man»
  • ·Iň gowy rok albomy: Rolling Stones – «Hackney Diamonds»
  • ·Iň gowy alternatiw ýerine ýetiriliş: St. Vincent – «Flea»
  • ·Iň gowy alternatiw albomy: St. Vincent – «All Born Screaming»

Saundtrekler we önümçilikler boýunça:

  • ·Iň gowy wizual media üçin saundtrek ýygyndysy: Music By Leonard Bernstein (London Symphony Orchestra, Yannick Nézet-Séguin, Bradley Cooper)
  • ·Iň gowy wizual media üçin saundtrek: Hans Zimmer – «Dune: Part Two»
  • ·Iň gowy remiks: Mark Ronson – «Espresso»
  • ·Iň gowy aýdym-saz filmi: Žan Batist – «Amerikan simfoniýasy»
  • ·Ýylyň iň gowy aýdym ýazyjysy: Emi Allen
  • ·Ýylyň prodýuseri: Daniel Nigro
şu gün 11:22
1.1k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
781

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......