Eýranda ilkinji emeli aň seýilgähi açylar

  • 03.02.2025 17:39
  • 3.2k+

Tähranda iki ýyldan ýurduň ilkinji milli emeli aň (AI) seýilgähini açmak meýilleşdirilýär. Bu barada wise-prezidentiň ylym, tehnologiýa we ykdysadyýet bilimleri boýunça kömekçisi Mojtaba Aliazade habar berdi diýip, TV BRICS ýazýar.

Bellenilşine görä, bu seýilgäh ýurduň tehnologik gazananlaryny görkezmek we alymlar hem-de raýatlar üçin emeli aň hyzmatlaryny elýeterli etmek üçin platforma bolup hyzmat eder. Taslama hökümet bilen iri kompaniýalaryň bilelikdäki hyzmatdaşlygynda durmuşa geçirilýär.
29-njy ýanwarda Tähranda emeli aňa bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatynda ýurduň öňdebaryjy uniwersitetleriniň alymlary çykyş etdiler, şeýle-de tehnologik kompaniýalar bolsa iň täze işläp düzmelerini görkezdiler.
Web of Science maglumatlar bazasyna görä, Eýran emeli aň tehnologiýasyna degişli ylmy makalalaryň sany boýunça yslam ýurtlarynyň arasynda birinji orunda durýar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......