Google 2024-nji ýylda Google Play-de 2,36 mln howply programmany petikledi

  • 03.02.2025 09:59
  • 3.5k+

Google 2024-nji ýylda howpsuzlyk syýasatynyň bozulandygy üçin Google Play-de 2,36 milliondan gowrak Android programmasyny petikledi. Bu soňky ýyllarda rekord görkeziji boldy.

Deňeşdirmek üçin, 2023-nji ýylda 2,28 mln, 2022-nji ýylda 1,5 mln programma petiklendi.
Şeýle-de, kompaniýa zyýanly programma üpjünçiligini, şol sanda internetde ulanyjynyň hereketini yzarlaýan programmalary ýerleşdirmäge synanyşan 158 müň işläp düzüji akkaunty üçin platforma elýeterliligi çäklendirdi. Bir ýyl ozal görkeziji 333 müň, 2022-nji ýylda 173 müň bolupdy.
Blokirlemeleriň sanynyň artmagy zyýanly programmalary gözlemekde emeli aňyň ulanylmagy bilen baglanyşdyrylýar.

“Häzirki günde biziň zyýanly programmalar üçin synlarymyzyň 92%-den gowragy emeli aňyň kömegi bilen geçirilýär” – diýip, Google belledi.

Şeýle-de, kompaniýa programmalaryň artykmaç ygtyýarnama almagynyň 1,3 mln ýagdaýynyň öňüni aldy. Google Play Protect hatda Google Play-den daşary gurnalan programmalary goramak üçin täzelenme aldy.
Programmalary işläp düzüjiler hem öz programmalaryny zyýanly SDK-dan we bikanun ulanylyş ýagdaýlaryndan has gowy goramak üçin täze gurallary aldy. API Play Integrity-nyň has giňden ornaşdyrylmagy ygtybarsyz çeşmelerden düzgün bozmalaryň 80% azalmagyna getirdi. Indi programma gurnamalarynyň 91%-i howpsuzlyk funksiýalaryny we gizlinlik goragyny ulanýar, bu operasion ulgamyň Android 13 we has giçki wersiýalarynda elýeterlidir.
2024-nji ýylda Google ygtybarsyz APK-ny blokirlemegiň synag ulgamyny 10 ýurda çenli giňeltdi. Bu 200 müň zyýanly programmany gurnamak üçin 36 mln synanyşygyň öňüni almaga mümkinçilik berdi.


23.03.2026 16:40
1.8k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...

10.03.2026 18:32
1.5k+

Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer

Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawdan «aşa hapalaýjylary» aýyrmak üçin 50 million dollar sarp etmäge borçlandy. Bu barada «Datacenter Dynamics» neşiri habar berýär. Super Pollutant Action başlangyjynyň çäklerinde korporasiýa klimat üçin kömürturşy gazyndan hem has howply bolan metan we ftorly gazlara garşy göreşmäge ünsi jemlär...

03.03.2026 23:28
6.8k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...

03.03.2026 16:51
1.9k+

Google Translate dürli terjime görnüşini hödürleýän emeli aň gurallary bilen üpjün edildi

Google kompaniýasy özüniň Translate (Terjime) goşundysy üçin emeli aňa esaslanýan täze mümkinçilikleri hödürledi. Gemini neýroulgamynyň goşulmagy netijesinde, indi ulanyjylar gündelik söhbetler üçin ýönekeý ýa-da resmi hat-habarlar üçin iş stili ýaly terjimäniň görnüşlerini-de saýlap bilerler...