Samsung smartfonlaryň 10 modeli we planşetler üçin 7 ýyl täzelenmäni kepillendirýär

  • 02.02.2025 21:40
  • 4.7k+

Samsung smartfonlaryň on modeliniň we iki planşetiň ýedi ýylyň dowamynda täzelenme aljakdygyny tassyklady.

Sammobile çeşmesi şeýle uzak möhletli goldawa eýe bolýan gurluşlaryň sanawynyň häzirlikçe çäklidigini, ýöne täze modelleriň çykmagy bilen giňeljekdigini belleýär.

Gürrüňlere görä, hatda orta derejeli Samsung smartfonlary-da geljekde alty ýyllap täzelenme alyp biler. Häzirlikçe bolsa sanawa Galaxy S24 we S25 hatarlarynyň flagmanlary hem-de eplenýän gurluşlar girdi:

  • Galaxy S24;
  • Galaxy S24+;
  • Galaxy S24 Ultra;
  • Galaxy S25;
  • Galaxy S25+;
  • Galaxy S25 Ultra;
  • Galaxy S25 Edge;
  • Galaxy S24 FE;
  • Galaxy Z Fold 6;
  • Galaxy Z Flip 6.

Planşetleriň arasynda bu goldawy Galaxy Tab S10+ we Galaxy Tab S10 Ultra alar.
Samsung programma üpjünçiliginiň şeýle uzak möhletli goldawyny hödürleýän az sanly Android gurluşlaryny öndürijileriň biridir. Bu çözgüt smartfonlary uzak möhletleýin ulanmak maksady bilen satyn alýan ulanyjylar üçin möhüm sebäp bolup biler.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...