Apple 2024-nji ýylda 1 mlrd abuna ýetdi we hyzmatlardan 100 mlrd dollar gazandy

  • 02.02.2025 21:26
  • 4.2k+

Apple 2024-nji ýylda App Store, iCloud, Apple Music we TV+ ýaly tölegli hyzmatlaryna ýazylan abunalaryň sanynyň 1 milliarda ýetendigini habar berdi. Kompaniýanyň hyzmatlardan gazanan girdejisi 100 milliard dollara ýetip, Hytaýda iPhone satuwlarynyň peselmeginiň öwezini dolmaga ýardam berdi.

2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Apple hyzmatlardan rekord derejede – 26,3 milliard dollar girdeji gazandy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 14% köpdür. Kompaniýanyň umumy girdejisi şol döwürde 4% artdy we 124,3 milliard dollara ýetdi. Arassa girdejisi bolsa 7,1% ýokarlanyp, 36,33 milliard dollar boldy.
Hytaýda iPhone-laryň satuwy 11,1% azalyp, girdejisi 18,51 milliard dollara çenli peseldi. Munuň sebäbi ýerli öndürijiler bilen bäsdeşligiň güýçlenmegidir. Apple kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk bu ýagdaýy Apple Intelligence hyzmatynyň entek Hytaýda we käbir beýleki esasy bazarlarda elýeterli däldigi bilen baglanyşdyrdy. Häzirki wagtda ol diňe iňlis dilinde 7 ýurtda işleýär, hytaý diliniň goldawyna bolsa 2025-nji ýylyň ahyrynda garaşylýar.
Şeýle-de täze modelleriniň çykmagy bilen Mac we iPad satuwlary hem 15% artdy.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...