OpenAI mugt ChatGPT-ni täzeledi: Ol has takyk we “ähli görkezijiler boýunça akylly” boldy

  • 02.02.2025 11:27
  • 2.6k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin esas we şol bir wagtyň özünde onuň mugt wersiýasy bolan GPT-4o modeliniň täzelenmesini hödürledi. Kompaniýa indi neýroulgamyň “ähli görkezijiler boýunça has akylly” bolandygyny, şeýle-de has täze maglumatlara we kämilleşdirilen analitiki başarnyklara eýe bolandygyny aýdýar.

Esasy üýtgeşmeleriň biri ylym, tehnologiýa, inženerlik we matematika ugurlary boýunça meseleleri işlemek başarnygynyň kämilleşmegi boldy. Indi ChatGPT kod ýazmakdan we çylşyrymly tehniki meseleleri seljermekden has gowy baş çykarýar.
Mundan başga-da, model has täze maglumatlaryň esasynda okadyldy we 2024-nji ýylyň iýun aýyna çenli maglumatlara salgylanyp biler. Bu häzirki tendensiýalary maslahatlaşmakda onuň mümkinçiliklerini giňeldýär.
Täzelenme şekilleriň gaýtadan işlenmegini hem gowulandyrdy. ChatGPT ulanyjylar tarapyndan ýüklenýän grafikalary we diagrammalary has gowy seljerip, olary redaktirlemek boýunça has takyk teklipleri berýär.
Şeýle-de, eger ulanyjy gözleg soraglarynda emojileri ulanýan bolsa, indi çat-bot hem jogaplarda emojileri işjeň ulanýar.


03.06.2026 15:15
3.2k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......