Apple Intelligence aprelden başlap has köp dili goldar

  • 02.02.2025 11:22
  • 1.7k+

Apple-yň emeli aň ulgamy bolan Apple Intelligence ýakyn wagtda fransuz, nemes, italýan, portugal, ispan, ýapon, koreý we ýönekeýleşdirilen hytaý dillerinde hem elýeterli bolar. Mundan başga-da, Hindistan we Singapur üçin ýerli inlisçe görnüşleri hem hödürlener diýip, TechCrunch habar berýär.

Kompaniýanyň 2024-nji ýylyň dördünji çärýegine degişli ýygnagynda Apple-nyň baş müdiri Tim Kuk bu goşmaça diller üçin goldawyň aprelde hödürlenjekdigini mälim etdi.
Geçen ýyl Apple Intelligence emeli aň toplumynyň ilkinji wersiýasy diňe ABŞ-nyň iňlis dilini goldaýardy. Soňra, dekabr aýynda iOS 18.2 täzelenmesi çykarylanda, Awstraliýa, Kanada, Täze Zelandiýa, Günorta Afrika we Beýik Britaniýa üçin iňlisçe goldawy hem goşuldy.
Şeýle-de kompaniýa henizem emeli aň toplumyny Ýewropa Bileleşiginde we Hytaýda elýeterli etmek baradaky meýilnamalaryny aýan etmeýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......