LinkedIn premium abunadan 2 mlrd dollardan gowrak gazandy, umumy girdejisi 9% ýokarlandy

  • 02.02.2025 11:16
  • 1.7k+

LinkedIn soňky 12 aýyň dowamynda premium abunadan 2 milliard dollar girdeji gazandy we umumy ýyllyk ösüşi bolsa 9% boldy diýip, TechCrunch habar berýär.

Bir milliarddan gowrak ulanyjysy bolan bu sosial platforma durnukly ösmegini dowam edýär. Çarşenbe güni Microsoft kompaniýasynyň çärýeklik maliýe netijeleri yglan edilende, LinkedIn-iň girdejisiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9% ýokarlanandygy bellenildi. Microsoft-nyň baş müdiri Satýa Nadella, soňky 12 aýyň dowamynda LinkedIn-iň premium abunalykdan gelýän girdejisiniň 2 milliard dollardan geçendigini tassyklady.
Maglumatlara görä, 2024-nji ýylyň mart aýynda premium abunalykdan alnan girdeji 1,7 milliard dollar bolupdyr, bu bolsa LinkedIn-iň 16,2 milliard dollarlyk umumy girdejisiniň takmynan 12,5%-ini düzýär. LinkedIn-iň baş müdiri Raýan Roslanskiniň aýtmagyna görä, abunalykdan 2 milliard dollar girdeji getirýän işi döretmek, taryh boýunça diňe sanlyja kompaniýanyň başaryp bilen uly üstünligidir.
LinkedIn premium abunalygyň mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegine uly üns berýär. Iş gözlemek we professional ösüş üçin niýetlenen täze emeli aň gurallary premium ulanyjylaryň eýýäm 40%-i tarapyndan işjeň ulanylýar.

şu gün 17:02
871

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

düýn 22:44
4.4k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.7k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......