Polat turbalardan ýasalan Porsche 911 awtomobiliniň heýkeli 250 müň dollara satyldy

  • 01.02.2025 15:27
  • 14k+

Beýik Britaniýada auksionda 934 kuzowly Porsche 911 awtomobiliniň heýkeli satyldy. Alyjy onuň üçin 201 müň funt sterling (tas $250 müň) töledi diýip, “Awtopilot” habar berýär.

Neşir bu mukdara täze, hakyky Porsche 911 Carrera GTS superkaryny satyn alyp boljakdygyny belleýär.
Heýkel hakyky ululykda ýasalan. Onuň karkasy 32 millimetrlik polat turbalardan döredilip, BBS diskleri hakyky tigir elementlerini gaýtalaýar.
Bu işiň awtory özüniň karkas heýkelleri bilen belli bolan britaniýaly hudožnik Benedikt Redkliffdir. Ol öň şeýle usul bilen Lamborghini Countach superkaryny döretdi. Redkliff Porsche 911-iň mämişi turbaly maketini ilkinji gezek 2022-nji ýylda Milanyň dizaýn hepdeliginde görkezdi.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......