MrBeast bilen maýadarlar topary TikTok üçin 20 mlrd dollardan köp tölemäge taýýar

  • 01.02.2025 13:20
  • 8.3k+

Amerikaly maýadarlar topary TikTok-y satyn almaga isleg bildirýär. Söwdany gurnaýjy Jessi Tinsli Bloomberg agentligine olaryň 20 mlrd dollardan hem “has köp” tölemäge taýýardygyny aýtdy.

Telekeçiler platformany 25 mlrd dollar bilen bahalandyrýar.
Bellenilişi ýaly, maýadarlar toparyna MrBeast lakamy bilen tanalýan meşhur YouTube blogeri Jimmi Donaldson, Roblox kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş müdiri Dewid Başuskiý, şeýle-de Anchorage Digital kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we ýolbaşçysy Neýtan Makkoli girýär.
Öň Project Liberty topary wideo hyzmaty üçin 20 mlrd dollar teklip etdi. Bu toparyň düzümine bolsa Los Angeles Dodgers beýsbol toparynyň öňki eýesi Frenk Makkort we Shark Tank şouwynyň gatnaşyjysy Kewin O’Liri girýär.
Täze maýadarlar topary platforma bilen bagly ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, ony ulanyjylar üçin bähbitli etmäge we ABŞ-nyň tutuş ilaty üçin maglumatlaryň howpsuzlygyny kepillendirmäge ukyplydygyna ynandyrýar.

“Biz özümizi gowy duýýarys we biziň ähli maglumatlar, serwerler we tehnologiýalar bilen ABŞ tarapyndan goldanýan toparymyz bar” – diýip, maýadarlar belleýär.

TikTok-yň eýesi bolan Hytaýyň ByteDance kompaniýasy bu habarlara heniz hiç hili teswir bermedi.

“Biz göni jogap almadyk. Olar tarapdan radio sessizlik boldy” – diýip, Tinsli belledi.

MrBeast topara goşulmak barada heniz gutarnykly karara gelmedi. Onuň wekili blogeriň birnäçe warianty gözden geçirýändigini aýtdy.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.5k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......