Sýorferler bilen bir tolkunda: Lexus Surf LX SUV ulagyny görkezdi

  • 01.02.2025 11:22
  • 5.4k+

Lexus kompaniýasy Gawaý adalarynda World Surf League çäresiniň çäklerinde sýorfing muşdaklary üçin döredilen Surf LX wnedorožniginiň konseptini hödürledi. Model özboluşly dizaýny we funksional kämilleşdirmeleri aldy. Bu ony enjamlary daşamaga we tolkunlary ýeňmäge taýyn bolmaga amatly edýär.

Modeliň daşky görnüşi “ýahta” stilinde ýerine ýetirilen. Tutuksy gök kuzow ak üçek bilen sazlaşýar. Depesinde demir ýükdan oturdyldy we oňa yzky gapynyň aňyrsyna berkidilen  merdiwan bilen çykyp bolýar.
Wnedorožnik diametri 33 dýuýmlyk wnedorožnik pokryşkaly 20 dýuýmlyk tekerler bilen enjamlaşdyrylandyr.
Surf LX-iň ýük bölümi sýorfingiň tagtalaryny daşamak üçin uýgunlaşdyryldy. Onda mum çalmak üçin stol, gerekli zatlaryň saklanýan ulgamy we oturdylan sowadyjy bolup hyzmat edip biljek çekme panel bilen enjamlaşdyrylan.
Surf LX-iň tanyşdyrylyş dabarasy Lexus bilen Bütindünýä sýorfing ligasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde geçirildi. Ýapon brendi guramanyň birnäçe çäreleriniň baş hemaýatkäridir.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....