Samsung Galaxy A23, Galaxy A32, Galaxy A35 we Galaxy A53 modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

  • 01.02.2025 11:16
  • 6.6k+

Samsung dört sany modeli - Galaxy A23, Galaxy A32, Galaxy A35 we Galaxy A53 üçin ýanwar aýyndaky howpsuzlyk täzelenmesini çykardy.

Sammobile portalynyň habar bermegine görä, täzelenme Android operasion ulgamynda 29,  we Samsung Vulnerability and Exposures-de (SVE) 22 gowşaklygy düzedýär.
Täzelenme häzirlikçe ABŞ-daky ulanyjylara hödürlenýär, ýöne ýakyn wagtda beýleki ýurtlara hem çykar. Galaxy A23 üçin programma üpjünçiligi degişlilikde A236USQS9EYA1 belgili, Galaxy A32-niň, Galaxy A35-iň we Galaxy A53-iň gurnama belgileri degişlilikde A326U1UESHDXL1, A356U1UES4AYA1 we A536U1UESCEYA3 belgili.
Öňümizdäki aýlarda Galaxy A35 we Galaxy A53 Android 15 we OneUI 7 interfeýsi bilen uly täzelenmäni alar. Galaxy A23 we Galaxy A32 üçin indi täze patçlar bolmaz.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...