Täze Zelandiýadaky Taranaki wulkany şahsyýet statusyny aldy

  • 31.01.2025 20:21
  • 3.4k+

Täze Zelandiýanyň hökümeti Taranaki wulkanyna ýuridiki şahs statusyny berdi. Demirgazyk adada ýerleşýän bu dag ony öz ata-babalary hasaplaýan maori halky üçin möhüm ruhy we medeni ähmiýete eýe diýip, Independent ýazýar.

Täze kanun Taranakini adama mahsus bolan hukuklar, borçlar we ygtyýarlyklar bilen üpjün edýär. Indi ol “Te Kahui Tupua” ady bilen “janly we bölünmeýän bitewi” hökmünde görülýär. Bu status dagyň özüni, onuň töweregindäki depeleri we ýerleri, şol sanda ähli fiziki we metafiziki düzüjileri gurşap alýar.
Mundan başga-da, kanun kolonizasiýa döwründe maori halkyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy göz öňünde tutýar. Resminamada bu dagyň 1856-njy ýylda Taranaki sebitiniň maori halkyndan “ogurlanandygy” hem tassyklanýar.
Indi maori taýpalarynyň we hökümetiň ýörite bellenen wekilleri dagyň daş-töweregini gorar. Olar daga barýanlar üçin düzgünleri işläp taýýarlar.
Taranaki Täze Zelandiýada şahsyýet statusyny alan ikinji tebigy obýektdir. Öň şeýle çözgüt Uanganui derýasy bilen bagly kabul edilipdi.


04.05.2026 12:48
3.9k+

Kiwi guşlary bir asyr gowrak wagtdan soň Wellingtona dolanýarlar

Täze Zelandiýanyň paýtagty Wellingtonda bir asyrdan gowrak wagt mundan ozal by ýerlerden ýitirim bolan kiwi guşlaryny yzyna getirmek boýunça uly maksatnama amala aşyrylýar. Bu taslamanyň çäginde sebitiň tebigy......

30.11.2025 10:09
9.4k+

Täze Zelandiýada seýrek haýwanlary goramagyň hatyrasyna ýabany pişikleri ýok edýärler

Täze Zelandiýanyň hökümeti ýabany pişikleri 2050-nji ýyla çenli doly ýok etmek maksady bilen, olary ýyrtyjylara garşy göreşmegiň milli strategiýasyna goşmak kararyna geldi. Tebigaty goramak ministri Tama Potaka pişikleriň ýurduň biodürlüligine çynlakaý howp salýandygyny nygtady...

27.11.2025 11:44
5.7k+

Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar

Täze Zelandiýanyň Ýabany haýwanat dünýäsini goramak departamentiniň hünärmenleri Sigaus robustus görnüşine degişli gülgüne çekirtgäni tapdylar. Beýle üýtgeşiklik tebigatda örän seýrek duş gelýär. Emma şeýle açyk reňkiň howply tarapy hem bar – ol çekirtgäni ýyrtyjylara mese-mälim edip görkezýär...

12.10.2025 11:14
9.7k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady...