Ronaldu klub derejesinde 700 oýunda ýeňiş gazanan ilkinji futbolçy boldy

  • 31.01.2025 20:13
  • 7.5k+

Saud “Al-Nasrynyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu klub derejesinde 700 oýunda ýeňiş gazanan taryhda ilkinji futbolçy boldy. Portugaliýalynyň täze üstünligi barada Marca neşiri habar berdi.

Bu Saud Arabystanynyň çempionatynyň çäklerinde “Al-Nasryň” “Al-Raed” bilen duşuşygyndan soň bolup geçdi. Oýun 2:1 hasabynda “Al-Nasryň” peýdasyna tamamlandy. Ronaldu 35-nji minutda gol geçirdi.
Ronaldu professional karýerasynda birnäçe klubda ýeňiş gazandy: “Sportingde” 13 gezek, “Mançester Ýunaýtedde” – 214, “Realda” – 316, “Ýuwentusda” – 91, “Al-Nasrda” – 66 gezek.
Şeýle-de, bu oýundaky gol Ronaldu üçin karýerasynda 921-nji boldy. Ol klub derejesinde 786 gol saldy, milli ýygyndynyň düzüminde bolsa 135 gezek tapawutlandy.
Futbolçynyň “Al-Nasr” bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy 12 mln ýewro barabar.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......