«Ýakyndan düşürýän suratçy – 2024» surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 31.01.2025 11:46
  • 7.8k+

«Ýakyndan düşürýän suratçy – 2024» (Close-Up Photographer of the Year) halkara bäsleşiginiň emin agzalary ýeňijileri yglan etdiler diýip, The Atlantic neşiri habar berýär.

Bäsleşigiň guramaçylary bu ýyl dünýäniň 61 ýurdundan 11 müňden gowrak dalaşgäriň arzasyny kabul etdiler. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen suratçylar makro dünýäniň köpdürlüligini görkezdiler.

Absolýut ýeňiji:
Swetlana Iwanenko (Russiýa): Woronež sebitinde mör-möjekleriň arasyndaky gapma-garşylygy görkezýän suraty bilen. Bu iş şol bir wagtyň özünde «Mör-möjekler» kategoriýasynda iň gowy surat diýlip yglan edildi.

Dürli kategoriýalaryň ýeňijileri:

  • «Kebelekler we teneçirler»: Ýon Mýao (Hytaý) – Týanmuşan goraghanasyndaky şaglawugyň üstündäki daşda dynç alýan teneçir.
  • «Portret»: Raguram Annadana (Hindistan) – Andaman adalaryndaky çägeli höwürtgesinden seresaplyk bilen çykyp barýan çäge leňňeji.
  • «Iň gowy ýaş suratçy»Andres Luis Dominges Blanko (Ispaniýa) – Agzyna mör-möjek alyp uçup barýan altyn reňkli şurka.
  • «Suwasty dünýäsi»Jenni Stok (Awstraliýa) – Rapid-Beý aýlagynda balyk sürüsi bilen ýüzýän deňiz aty.

Şeýle-de top-10 suratlar:

  • Huan Kuetos (Ispaniýa): Kantabriýada gurbaganyň jesedini iýýän gurbaganyň çagalary.
  • Aleksis Tinker-Tsawalas: Triton we ýalançy içýan.
  • Jeými Smart (Angliýa): Angliýadaky bugdaý meýdanyndan seredýän meýdan syçany.
  • Lina Grýuppe (Germaniýa): Günüň şöhlesinde Calopteryx urugyndan iki teneçir.
  • Uill Menzis (Awstraliýa): Pertiň palmasynda köp aýakly mör-möjekler.
  • Sofiýa Spurjin: Suw damjalary bilen örtülen benewşe krokuslar.
  • Wiki Wert (ABŞ): Ogaýoda bir bakjadaky kömelekler.
  • Kennet Blýuma (ABŞ): Garynjalar, Illinoýs ştatynyň Uodswort sebitindäki ýaprak bitlerini gözegçilige alýarlar.
  • Jeýms Foks: Smola bilen örtülen kiçijek tohum.
  • Tibor Litauski (Wengriýa): Sähranyň üstünde uçup barýan arslan garynjasy.

Снимки из топ-10:

  • Хуан Куэтос (Испания): головастики поедают труп жабы в Кантабрии.
  • Алексис Тинкер-Цавалас: тритон и псевдоскорпион.
  • Джейми Смарт (Англия): полевая мышь выглядывает из пшеницы в Англии.
  • Лина Грюппе (Германия): две стрекозы рода Calopteryx в лучах солнца.
  • Уилл Мензиc (Австралия): многоножки на пальме в Перте.
  • София Спурджин: фиолетовые крокусы с капельками воды.
  • Вики Верт (США): грибы в саду в Огайо.
  • Кеннет Блюма (США): муравьи присматривают за тлями в Уодсворте, Иллинойс.
  • Джеймс Фокс: съемка маленького семени, окруженного текущей смолой.
  • Тибор Литауски (Венгрия): муравьиный лев летит над степью.

şu gün 11:22
1.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.3k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......