Ledi Gaga 2025-nji ýylyň martynda täze “Mayhem” albomyny çykarar

  • 30.01.2025 23:23
  • 2.3k+

Ledi Gaga “Mayhem” ady bilen ýedinji studiýa albomynyň çykjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Ol 2025-nji ýylyň 7-nji martynda çykar. Aýdymçy plastinkany öz “pop köklerine” gaýdyp gelmegi hökmünde häsiýetlendirdi.

“Albom meniň köne muşdaklarym tarapyndan halanan pop-aýdyma gaýdyp gelmek gorkym bilen ýüzbe-ýüz bolmagymdan başlady” – diýip, Gaga belledi.

Aýdymçynyň aýtmagyna görä, döredijilik prosesi “döwük aýnany ýygnamak” ýaly bir zat bolup, ol, kämil bolmasa-da, nämedir bir owadan zady döretmäge synanyşdy.

“Hatda siz döwük bölekleri ideal derejede ýygnap bilmeseňiz hem, siz owadan we özboluşly bitewi zady döredip bilersiňiz” – diýip, aýdymçy paýlaşdy.

Albom 14 aýdymy, şol sanda eýýäm çykan “Disease” we “Die with a Smile” aýdymlaryny öz içine alar. Gaga prodýuserlik işini Maýkl Polanski, Endrýu Uott, Cirkut we Gesaffelstein bilen bilelikde alyp bardy.
Şeýle-de, aýdymçy üçünji aýdymyň we klibiň çykjakdygyny anons etdi: olaryň relizi 2-nji fewralda, “Gremmi-2025” dabarasynyň mahabat arakesmesinde bolar. Aýdym albomyň çykmagynyň buşlukçysyna öwrüler.
Mundan başga-da, Ledi Gaganyň “Uensdeý” serialynyň ikinji möwsüminde peýda boljakdygy belli boldy, ýöne aýdymçynyň roly heniz näbelli. Film Ýewropada surata düşürilýär.

şu gün 11:22
1.2k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
781

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......