Apple üýtgedilen habarnamalar we Visual Intelligence bilen iOS 18.3 täzelenmesini çykardy

  • 30.01.2025 23:19
  • 3.4k+

Apple üçünji uly täzelenme bolan iOS 18.3-i çykardy. Onda birnäçe täze funksiýa peýda boldy, ýöne olaryň köpüsi diňe ABŞ-da iPhone 15 Pro, iPhone 16 we iPhone 16 Pro modellerinde elýeterli bolan Apple Intelligence tehnologiýasyna degişlidir diýip, MacRumors habar berýär.

Esasy täzelik ýalan maglumatlary döretmegi sebäpli tankyda sezewar bolan Habarnamalara (Notification Summaris) degişli. Indi iOS 18.3-e habarnamalaryň sazlamalaryny göni gulplanan ekranda üýtgetmek mümkinçiligi goşuldy. Şeýle-de, bu habarnamalary adatylardan tapawutlandyrýan nyşanjyk peýda boldy. Täzelikler programmasy bolsa habarnamalardan wagtlaýyn aýryldy.
Visual Intelligence indi kamera arkaly posterleri we flaýerleri skanirläp, senenama wakalaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, emeli aň ösümlikleri we haýwanlary tanamagy öwrendi.
Bu täzelenme kalkulýatora “=” basylanda gaýtadan hasaplamak funksiýasyny goşdy. Klawiaturanyň we aýdym-saz programmasynyň näsazlyklary düzedildi.
Apple Intelligence funksiýasy awtomatik işleýär, ýöne ony sazlamalarda öçürip hem bolýar (“Sazlamalar”, “Apple Intelligence we Siri”).
Ýewropada Apple Intelligence funksiýalary aprel aýynda iOS 18.4 bilen peýda bolar. Ulgamyň indiki beta-wersiýasynyň Siri üçin täze mümkinçilikleri goşmagyna garaşylýar.


02.03.2026 22:21
4.4k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.8k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
2k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...