Google Chrome-yň köne wersiýalarynda sinhronizasiýa funksiýasy işlemegini bes eder

  • 30.01.2025 16:10
  • 2.3k+

Maglumatlary sinhronizirleýän Chrome Sync funksiýasy Google Chrome brauzeriniň köne wersiýalarynda işlemegini bes eder. Bu 2025-nji ýylyň başynda güýje girer diýip, kompaniýanyň goldaw sahypasynda beýan edilýär.

«2025-nji ýylyň başynda Google hasabyňyzyň maglumatlaryny saklaýan we sinhronizirleýän hyzmat bolan Chrome Sync funksiýasy dört ýyldan köne Chrome wersiýalarynda işlemegini bes eder» diýip, Google-yň goldaw sahypasynda habar berilýär.

Brauzeriň köne wersiýalarynda bolsa, ekranda ýalňyşlyk hakda duýduryş banneri peýda bolar we Chrome-y täzeläp sinhronizasiýany dikeltmek maslahat berler.

«Chrome Sync funksiýasynyň işlemegini dowam etdirmek üçin, brauzeriňizi enjamyňyzda elýeterli bolan iň soňky wersiýasyna çenli täzeläň. Eger brauzeriňizi dört ýyldan täze wersiýa täzeläp bilmeseňiz, Chrome Sync funksiýasyny enjamyňyzda ulanyp bilmersiňiz» diýip, Google duýduryş berýär.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....