Çempionlar ligasy: “Real” ilkinji 8-lige girmedi, “ManSiti” soňky mümkinçilikden peýdalandy

  • 30.01.2025 14:37
  • 10k+

30-njy ýanwara geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň jemleýji oýunlary geçirildi. Ähli oýunlar bir wagtda oýnaldy. Netijede, pleý-off tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi.

Umumy tapgyryň jemi boýunça esasy Ýewropa ýaryşynyň ýaryş jedwelinde öňdebaryjy “Liwerpul” boldy. Jemleýji tapgyrda mersisaýdlylar Endhowenden “PSW” toparyna garşy ätiýaçlykdaky düzümini çykardy, hasaby 2:0 etdi, ýöne gollandiýaly kluba kembek edip, 3:2 hasabynda utmaga mümkinçilik berdi (ähli gollar oýnuň birinji ýarymynda geçirildi).
Bu “Liwerpulyň” häzirki ÇL ýaryşynda ilkinji ýeňlişi boldy, galan 7 oýunda klub utup, 21 utuk gazandy. Ikinji orunda 19 utuk bilen “Barselona” ýerleşdi. Üçlügi 19 utuk bilen Londonyň “Arsenaly” jemledi.
Bulardan başga-da, 1/8 finala “Inter”, “Atletiko”, “Baýer”, “Lill” we “Aston Willa” çykdy.
9 – 24-nji orunlary eýelän galan toparlar göreşi dowam etdirmek hukugy üçin pleý-off tapgyrynda oýnar.
UEFA-nyň saýtynda pleý-offuň deslapky shemasy ýerleşdirildi. Ýeňijileri 1/8 finala çykjak pleý-off tapgyrynda şu aşakdaky jübütler bolup biler:

  • ·“Monako” / “Brest” – “PSŽ” / “Benfika”. Bu toparlardan iki jübüt düzüler, ýeňijiler ýa-ha “Liwerpul”, ýa-da “Barselona” bilen oýnar.
  • ·“Sporting” / “Brýugge” – “Atalanta” / Dortmundyň “Borussiýasy” (jübütleriň ýeňijileri ýa “Lill”, ýa-da “Aston Willa” bilen duşuşar);
  • ·“Seltik” / “Mançester Siti” – “Real” / “Bawariýa” (jübütleriň ýeňijileri ýa “Atletiko”, ýa-da “Baýer” bilen oýnar);
  • ·“Feýenoord” / “Ýuwentus” – “Milan” / “PSW” (jübütleriň ýeňijileri ýa “Arsenal”, ýa-da “Inter” bilen duşuşar).

Gyzykly ýeri, bije çekişlikde “Mançester Siti” pleý-off oýunlarynda ýa “Real”, ýa-da “Bawariýa” bilen duşuşar.
Pleý-off duşuşyklarynyň bije çekişigi 31-nji ýanwarda, 1/8, 1/4 we 1/2 finalyň bije çekişigi bolsa 21-nji fewralda Nýonda geçiriler. Ýaryşyň final oýny 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna meýilleşdirilýär.


şu gün 14:50
3k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....

şu gün 10:04
3.1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

düýn 23:30
6k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....