Samsung suw astynda surata düşürmek üçin Galaxy S24 Ultra-a Ocean Mode režimini goşdy

  • 30.01.2025 14:28
  • 4.6k+

Samsung Galaxy S24 Ultra modeline suwasty merjen gaýalaryny oňat hilde surata düşürmek maksady bilen ýörite döredilen Ocean Mode režimini goşdy. Bu funksiýa aktiwistlere we alymlara zyýan ýeten ýerleri has netijeli kartalaşdyrmaga kömek eder diýip, Overclockers ýazýar.

Täze funksiýa deňiz ekoulgamlaryny dikeltmegi maksat edinýän Coral in Focus başlangyjynyň çäklerinde işlenip düzüldi.
Tehnologiýa suwuň astynda surata düşürilende hereket bilen bagly suratyň bulaşmagy we reňkleriň ýoýulmagy ýaly esasy meseleleri çözýär. Köp kadrly gaýtadan işlemek we ak reňkiň gyradeňligini optimizirlemek arkaly Ocean Mode has takyk we ýokary hilli şekilleri berýär. Bu funksiýa gök tonlary azaldyp, jikme-jiklikleri gowulandyryp, her iki sekuntdan awtomatiki usulda kadrlary alýar.
Galaxy S24 Ultra UC San Diego’s Scripps ummany öwreniş institutynyň işgärleri tarapyndan işjeň ulanylýar. Smartfon suwasty kameralar üçin arzan alternatiwa öwrüldi we 4500 inedördül kilometrde 11 000-den gowrak rifi dikeltmäge kömek etdi.
Samsung gaýtadan işlenen materiallary ulanýar we enjamlary ekologiýa taýdan arassa taslamalarda ulanar ýaly gaýtadan sazlaýar. Kompaniýa Ocean Mode režimine we beýleki enjamlara elýeterliligi giňeltmegi meýilleşdirýär.
ABŞ-nyň Milli ummanlar we atmosfera barlaglary müdirliginiň (NOAA) maglumatlaryna görä, deňizde ýaşaýan janly-jandarlaryň 25%-iniň ýaşaýşy, olaryň ummanyň  düýbüniň bary-ýogy 1%-ini tutýandygyna garamazdan, merjen gaýalaryna baglydyr.


düýn 20:16
1.5k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.6k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....