Amerikaly talyp alty aýda noldan noutbuk ýasady

  • 30.01.2025 13:11
  • 6k+

ABŞ-nyň Nýu-Gempşir ştatyndaky Ekseter şäherinde ýerleşýän abraýly Fillips akademiýasynyň talyby Baýran Huan bary-ýogy bir semestriň dowamynda açyk arhitektura we açyk çeşmeli kod bilen işleýän noutbuk ýasady. Ol bu kompýutere «anyon_e» diýip at goýdy.

Enjam 4K çözgütli 13,3 dýuýmlyk Samsung AMOLED displeýi, Cherry MX ULP mehaniki klawiaturasy we 7 sagada çenli işleýän batareýa bilen üpjün edildi.
Noutbuk «sarp edijiler üçin bazardaky iň elýeterli we çalt çip» diýlip hasaplanýan Rockchip RK3588 esasynda işleýär. Bu çip 16 GB LPDDR4X RAM (operatiw ýat) bilen FriendlyElec CM3588 ulgam modulyna ornaşdyrylandyr. SoC (system-on-chip) aýratynlyklarynyň arasyna dört ýadroly Cortex-A76 we Cortex-A55 prosessorlary, Mali-G10 GPU we 6TOPS-a çenli netije berýän NPU (neýroprosessor) girýär.

Noutbuk sekuntda 60 kadr tizlikde 8K çözgütde wideo görkezmäge ukyply bolup, USB3.1, PCIe 3.0 x4, HDMI 2.1/eDP 1.4 interfeýslerini goldaýar.
Noutbugyň klawiaturasy Cherry MX ULP mehaniki switçler, 200 mAh kuwwatly batareýa we aýratyn korpusda ýerleşdirilen SoC bilen ýasalan. Şeýle hem bu klawiaturany aýratyn simsiz klawiatura hökmünde ulanyp bolýar. Klawiaturanyň galyňlygy 7 mm-den hem az. Noutbugyň taçpady Azoteq PXM0057-401 tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylyp, USB arkaly işleýän multitaç goldawly sensorly panel bilen üpjün edilen. Taçpadyň çykdajysy Huana bary-ýogy 35 dollara düşüpdir.

Talyp noutbukda AA Portable Power batareýalary we Framework Laptop 13-däki monitor şarnirlerini ulanypdyr.
Huan üç ölçegli çap edijiniň (3D printer) kömegi bilen esasy platalary, alýumin korpusy we plastmassa bölekleri özbaşdak döredipdir. Displeý üçin komponentleriň ýerleşişini üýtgedip, signalyň bitewüligi bilen bagly meseleleri azaldypdyr.
Noutbukdaky Ubuntu-rockchip esasly operasion ulgam ýokary öndürijiligi üpjün edýär. Huanyň aýtmagyna görä, bu enjam onuň öz MacBook Pro noutbugyndan hem 3 sekunt çalt açylýar.


09.06.2026 23:32
4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.1k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....