1958-nji ýylda öndürilen seýrek rodster BMW 507 iki million ýewrodan auksiona çykaryldy

  • 29.01.2025 19:11
  • 9.4k+

1958-nji ýylda öndürilen iň seýrek rodsterlerden biri bolan BMW 507, Pariždäki RM Sotheby's auksionyna çykaryldy. Başda köpçülikleýin önümçilik üçin meýilleşdirilen hem bolsa, önümçilik çykdajylarynyň ýokarylygy sebäpli, bu ulagdan bary-ýogy diňe 252 sanysy öndürilipdir.

Häzirki güne çenli gowy saklanyp galan şol nusgalardan biri, 1,75 milliondan 2 million ýewro aralygynda kesgitlenjek bahasy bilen alyjysyna garaşýar.
Auksiona çykarylan rodsteriň ikinji hatardan bolmagy aýratyn üns çekýär. Birinji hatardaky ulaglardan tapawutlylykda, onuň ýangyç bagynyň gurluşy üýtgedilip, ulagyň içerki salony we ýük bölümi giňeldilipdir. Bu ulag 1958-nji ýylyň maý aýynda ýygnalypdyr we bir aýdan soň Kubada ulanyşa girip, takmynan 30 ýyl çemesi şol ýerde saklanypdyr.

1980-nji ýyllaryň ortalarynda BMW 507 Germaniýa gaýdyp gelipdir we 1988-nji ýylda häzirki eýesi tarapyndan satyn alnypdyr. Soňra ulag doly dikeldiş işlerinden (restawrasiýadan) geçirilipdir. Bu işler alty ýyl dowam edip, 560 müň nemes markasyna (1993-nji ýylda takmynan 330 müň dollara) düşüpdir. Başda ulag süýt reňkinde bolupdyr, ýöne soň gara reňke boýalyp, oturgyçlary we gapy panelleri çal deri bilen örtülipdir. Emma merkezi boltly Rudge tigirleri öz original görnüşinde saklanyp galdyrylypdyr.
Ulagyň kapotynyň aşagynda bolsa, aslynda özüne degişli bolmadyk 3,2 litrlik V8 hereketlendirijisi bar. Original hereketlendirijisi, berk üçegi, ätiýaçlyk ýangyç baky we ulanyş gollanmasy bolsa şol satuwyň çägine goşulýar.
BMW 507-niň häzirki zaman nusgasy hökmünde 2024-nji ýylda öndürilen Skytop modeli görkezilýär. Başda konseptual nusga hökmünde taýýarlanandygyna garamazdan, ondan bary-ýogy 50 sanysy öndürilipdir we resmi taýdan yglan edilmezden öň barysy satylypdyr.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....