Mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 3-nji integrirlenen olimpiada geçiriler

  • 29.01.2025 16:31
  • 12k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri hem-de zehin soraglary boýunça 3-nji integrirlenen olimpiada guraýar. Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.

Olimpiadanyň I tapgyry etrap derejesinde bolup, ol etrap merkezinde geçiriler. I tapgyra gatnaşjak etraplardaky mekdeplerden iň zehinli okuwçylaryň 20 sanysyny mekdebiň özi hödürleýär. I tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri hem-de zehin soraglary boýunça bolup, ol guramaçylyk topary tarapyndan düzülýär. I tapgyr 2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-15-i aralygynda geçiriler.
Olimpiadanyň II tapgyry welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher derejesinde bolup, ol I tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda welaýat merkezinde we paýtagtymyzda geçiriler. II tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça bolup, olar guramaçylyk topary tarapyndan düzüler. II tapgyr 2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde geçiriler.
Olimpiadanyň III tapgyry, ol II tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 2025-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda geçiriler. Jemleýji tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça bolar. Okuwçylaryň tomusky dynç alyş bilen bagly çykdajylary uniwersitetiň hojalyk hasaplaşygyndaky serişdeleriň hasabyna üpjün edilýär.
Olimpiadanyň ähli tapgyrlary türkmen we iňlis dillerinde geçiriler. Ýeňiji bolanlara uniwersitetiň diplomy we sowgatlary gowşurylar. Uniwersitet tarapyndan ýeňiji bolanlara ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmeklerine ýardam bermek maksady bilen, «Teklip haty» (Recommendation letter) berler.
Has giňişleýin maglumat almak üçin www.etut.edu.tm internet sahypasyna girip, tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:  

  • +99365878870 - Aşgabat şäheri boýunça jogapkär,
  • +99362090903 Arkadag şäheri we Ahal welaýaty boýunça jogapkär, 
  • +99362601578 Balkan welaýaty boýunça jogapkär,
  • +99361110125 Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär,
  • +99362039430 Lebap welaýaty boýunça jogapkär,
  • +99365884429 Mary welaýaty boýunça jogapkär.    

elektron poçta: oguzzehin@gmail.com


16.06.2026 14:46
4.1k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.3k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.1k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.3k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......