Apple AirPods-yň kameraly täze modelini çykarmaga taýýarlanýar

  • 29.01.2025 16:00
  • 3.1k+

Apple kompaniýasy geljekki AirPods-y kiçijik infragyzyl kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu kameralar surata düşmek üçin ulanylmaz. Olaryň esasy maksady - iPhone-daky Face ID-de ulanylýan datçikler ýaly işlemekdir diýip, Bloombergden Mark Gurmana salgylanýan MacRumors ýazýar.

Insaýder Ming-Çi Kuonyň berýän maglumatlaryna görä, şeýle AirPods-laryň köpçülikleýin önümçiligi 2026-njy ýylda başlar. Apple eýýäm zerur tehnologiýalary patentledi.
Bu datçikler AirPods-a ulanyjynyň ýagdaýyny yzarlamaga we giňişlikdäki sesiň hilini, esasanam, Apple-iň Vision Pro gulaklygy bilen jübütlenende, ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, infragyzyl kameralar howadaky yşaratlaryň kömegi bilen  AirPods funksiýalaryny dolandyrmaga mümkinçilik berer.
Eger Apple-iň meýilnamalary üýtgemese, infragyzyl kameraly täze AirPods 2026-njy ýa-da 2027-nji ýylda satuwa çykyp biler.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...