ABŞ tapgyrlaýyn esasda täze nusgada dollar çykarar

  • 29.01.2025 15:01
  • 22k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlary täze nusgadaky dollar banknotlaryny çykarmaga taýýarlyk görýär. Munuň maksady – olaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we galplyga garşy göreşmekdir. ABŞ-nyň Haşamlaýyş we çap ediş býurosynyň (Bureau of Engraving and Printing) habaryna görä, dizaýnyň täzelenişi tapgyrlaýyn ýagdaýda 2026-njy ýyldan başlap amala aşyrylar.

Ýyllap dowam eden ylmy gözlegleriň netijesinde, häzirki zaman tehnologiyalaryň kömegi bilen täze banknotlara kämilleşdirilen gorag elementleri ýerleşdiriler. Bu çäre dollara bolan ynamy saklamak we ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek üçin görülýär.
Täzelenen banknotlaryň resmi tanyşdyrylyşy olaryň çykaryljak senesinden alty-sekiz aý öň geçirilýär. Munuň maksady ilaty habarly etmek we hasapçy işgärlere tälim bermekdir.
Federal ätiýaçlyk ulgamy (Federal Reserve System) täzelenen banknotlaryň çykarylyş tertibini şu görnüşde yglan etdi:

  • ·10 dollar – 2026-njy ýyl;
  • ·50 dollar – 2028-nji ýyl;
  • ·20 dollar – 2030-njy ýyl;
  • ·5 dollar – 2032-nji ýyl;
  • ·100 dollar – 2034-nji ýyl.

Bellenilişi ýaly häzirki wagtda 1914-nji ýyldan bäri çykarylan ähli dollar banknotlary dolanyşykda hereket edýär.


düýn 23:56
1.1k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......