300 million tehniki gözegçiligiň netijesi: elektrikli ulaglar benzinli ulaglardan ygtybarly bolup çykdy

  • 29.01.2025 09:56
  • 5.6k+

300 million ulagyň tehniki barlagynyň seljermesi esasynda geçirilen täze barlag elektrikli ulaglaryň ygtybarlylyk we hyzmat ediş möhleti taýdan benzin we dizel bilen işleýän ulaglardan has ýokarydygyny görkezdi.

Halkara alymlar topary 2005-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli Beýik Britaniýada giň göwrümli barlag geçirdi. Elektrik ulagy 200 müň kilometre barabar ýol geçende onuň ortaça hyzmat möhleti 18,4 ýyl boldy. Bu adaty awtoulaglaryň görkezijilerinden ýokarydyr.
Şeýle hem elektrik ulaglarynyň ygtybarlylygynyň has çalt ösýändigi anyklandy. Önümçiligiň her ýylynda olaryň döwülmek ähtimallygy 12%, benzinli awtoulaglaryňky 6,7%, dizel awtoulaglaryňky bolsa bary-ýogy 1,9% azalýar.
Elektrik ulaglarynyň arasynda Tesla ygtybarlylykda öňdebaryjydyr. Benzin segmentinde Audiniň görkezijisi iň gowusydyr, dizel ulaglarynyň arasynda iň gowy netijäni Škoda gazandy.
Alymlar elektrik ulaglarynyň indi adaty ulaglaryň ýerini doly tutup biljekdigini nygtaýarlar. Elektrikli awtoulaglaryň önümçiligi has köp uglerod yzyny goýýan hem bolsa, uzak möhlet hyzmat edýändigi bilen, ekologiýa taýdan arassalygynyň hasabyna, bu ýetmezçiligiň öwezini dolýar. Esasanam gaýtadan dikeldilýän energiýa geçilýän şertlerde bu ähmiýetlidir.
Nature Energy žurnalynda çap edilen bu barlag köne ulag parklaryny çalyşmak we ulanylyş möhleti dolan ulaglary gaýtadan işlemek strategiýalaryny meýilleşdirmek üçin hem möhümdir.


şu gün 18:36
439

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
857

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......