DeepSeek indi şekil ýasaýan DALL-E 3 bilen bäsdeşlige girýär: Janus Pro modelleri tanyşdyryldy

  • 28.01.2025 23:56
  • 2.4k+

Hytaýyň DeepSeek kompaniýasy emeli aňly çat-boty bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazanmaga dowam edýär. Kompaniýa indi bolsa, dürli şekilleri döretmäge we seljermäge mümkinçilik berýän Janus Pro atly multimodal emeli aň modellerini tanyşdyrdy. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, açyk MIT ygtyýarnamasy bilen elýeterli bu algoritmler, şekil döretmekde we seljermekde OpenAI DALL-E 3, PixArt-alpha we Stable Diffusion XL ýaly modellerden has üstün netijeleri görkezýär diýip, TechCrunch we Reuters neşirleri habar berýär.

Janus Pro emeli aň modelleri 1-7 milliard aralygynda parametrleri bolan dürli görnüşlerde hödürlenýär – parametrleriň sany hem näçe köp bolsa, öndürijilik şonça ýokary bolýar. TechCrunch neşiriniň habar bermegine görä, Janus Pro 7B atly häzirki iň güýçli model, GenEval we DPG-Bench synaglarynda öz mümkinçiliklerini üstünlikli subut etdi.

«Janus Pro öňki umumy maksatly modellere garanyňda has gowy netijeleri görkezýär, şeýle-de beýleki kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen çözgütleri bilen deňeşdirsek hem bolar, hatda olardan has-da öňde. Aňsatlyk, üýtgeýjilik we netijelilik biziň emeli aň modelimizi multimodal ulgamlaryň täze nesline laýyk dalaşgär edýär» diýip, kompaniýa belläp geçýär.

Janus Pro diňe bir şekil döretmek bilen çäklenmän, eýsem, olary seljermegi hem başarýar. Emma onuň häzirki wersiýasy diňe 384×384 piksel çözgütde şekilleri döretmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa häzirki zaman modelleriň standartlaryndan biraz pes bolup durýar. Şonda-da bu netijeler, kiçi ölçegli emeli aňly modeller babatda, bäsdeşleriniň arasynda ajaýyp diýlip kabul edilýär.
DeepSeek kompaniýasynyň üstünlikleri, onuň çat-botunyň App Store-daky programmalaryň arasynda birinji orny eýelemeginden soň has köp adamyň ünsüni özüne çekdi. Hatda kompaniýanyň täze model çat-botuny işe girizmegi günbatar gazna bazarlarynda uly göwrümli peselmelere, şeýle-de Nvidia kompaniýasynyň 500 milliard dollar kapitalizasiýa ýitgisine sebäp boldy.
High-Flyer Capital Management tarapyndan maliýeleşdirilýän we energiýa babatda tygşytly usullary peýdalanýan bu startap, Wall Street-iň analitiklerinde we IT hünärmenlerinde ABŞ-nyň emeli aň bäsleşigindäki liderligini saklap biljekdigi ýa bilmejekdigi baradaky soraglaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Şeýle hem, käbirleri bolsa DeepSeek-iň başgaça usullardan peýdalanýandygy sebäpli, emeli aň çiplerine bolan häzirki ýokary islegiň dowam edip-etmejekdigi barada şübhelenýärler.
Bilermenleriň bellemegine görä, Janus Pro-nyň rewolýusiýasy – onuň uniwersallygyndadyr (köp maksatlylygyndadyr). Ol seljermek we döretmek mümkinçiliklerini birleşdirýär, bu bolsa şeýle kiçi ölçegli modellerde seýrek duş gelýän aýratynlykdyr. Öndürýän şekilleriniň çözgüdi häzirki wagtda DALL-E 3 derejesine ýetmese-de, açyk ygtyýarnama we uýgunlaşma mümkinçiligi Janus Pro-nyň täjirçilik maksatly taslamalara ornaşdyrylmagyny has çaltlaşdyryp biler.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......