2024-nji ýylda ulanyjylar emeli aň programmalaryna 1 mlrd dollar sarp etdi

  • 28.01.2025 14:38
  • 3.8k+

Emeli aňyň esasynda tehnologiýa pudagynyň ösmegi haýran galdyryjy mümkinçilikleri hödürleýän köp sanly täze hyzmatlaryň we programmalaryň döremegine getirdi. Ykjam segmentde Google bilen Samsung bu tehnologiýany çalt ornaşdyrmakda öňdebaryjy boldy.

Täze hasabata görä, emeli aňy ulanýan programmalar hem, öz gezeginde, sarp edijileriň bu programmalar üçin harçlamalarynyň artmagyna getirdi. 2024-nji ýylda sarp edijiler surat we wideo redaktorlaryny öz içine alýan bu programmalar üçin 1 mlrd dollar sarp etdi. Programmalaryň köpüsi bary-ýogy birnäçe gezek basmak bilen çylşyrymly üýtgeşmeleri girizmäge mümkinçilik berse-de, aglabasy çäkli mugt synag wersiýalaryny hödürleýär. Çägi ulaltmak bolsa ulanyjylardan töleg talap edýär.
Sensor Tower kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2024-nji ýylda emeli aň funksiýalary umumy programmalar üçin çykdajylary 150 mlrd dollara çenli ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Bu ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 13% köpdür. ChatGPT, Gemini we Doubao ýaly EA programmalary bir ýylda sarp ediji çykdajylaryny 200% artdyrdy.
2024-nji ýylda sarp edijiler EA programmalaryny tas 7,7 mlrd sagat ulandy, şeýle programmalar, takmynan, 17 mlrd gezek ýüklendi. Şeýle depgin bilen EA programmalary sarp edijileriň ýyllyk çykdajylary boýunça ilkinji onluga-da çalt girip biler.
Mysal üçin, ChatGPT-niň aýda 50 mln işjeň ulanyjysy bar. Ol şeýle görkezijä Temu, Disney+ ýa-da YouTube Music ýaly programmalardan hem çalt ýetmegi başardy.


03.06.2026 15:15
3.2k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......